Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi, türkmen medeniýetini we sungatyny öz ajaýyp eserlerinde ussatlyk bilen beýan etmegi başaran ussat, halypa kompozitor Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda dogulýar. Ene-atadan ir jyda düşen Nury kiçilikden çagalar öýünde terbiýelenýär. Ol 1947-nji ýylda umumy bilim berýän mekdebe gatnaýar we bir ýyldan soň ony saz mekdebinde bilim almak bilen utgaşdyrýar.

Öz nusgawy eserleri bilen halk köpçüliginiň söýgüsini gazanyp, uly meşhurlyga eýe boljak geljekki kompozitor N.Halmämmedow, Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol bu ýerde tejribeli mugallym Ý.K.Kuleşiň fortepiano synpynda bilim alýar. Ikinji kursdan başlap A.Kuliýewden eser düzmek boýunça kompozisiýa sapaklaryny alýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde okan ýyllary birnäçe eserleri döredýär. Olaryň içinde wiolonçel we fortepiano üçin pýesa, skripka we fortepiano üçin pýesa, bulardan başga-da “Marş”, “Ýatlama”, “Skerso”, “Pikir” we başga-da fortepiano üçin birnäçe kiçi göwrümli pýesalary ýazýar.

Nury Halmämmedow 1958-nji ýylda Moskwadaky P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Ol bu ýerde mugallym, meşhur kompozitor, professor A.N.Aleksandrowdan kompozisiýa hünäri boýunça tälim alýar. Konserwatoriýada okan ýyllary birnäçe aýdymlary, romanslary, hor eserlerini, fortepiano, skripka, wiolonçel, alt, truba we beýleki saz gurallary üçin birnäçe eserleri, şeýle hem uly göwrümli eserler bolan “Wariasiýaly tema”, “Skerso”, “Saňa”, “Prelýudiýa do-diýez-minor”, “Bäş bölümden ybarat türkmen polifoniki sýuitasy”, “Dutaryň owazy” we ýene-de birnäçe eserleri döredýär. Nury Halmämmedowyň diňleýjiler köpçüliginiň ýürek söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp sungat eserleriniň biri bolan “Dutaryň owazy” atly eseri halypa sazanda Mylly Täçmyradowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Kompozitor özüniň bu eserinde fortepiano saz guralynyň üsti bilen dutaryň owazyny ýaňlandyrmagy başarypdyr. Ýeri gelende belläp geçmeli zat, 1962-nji ýylda kompozitor Nury Halmämmedow “Dutaryň owazy” atly saz eseri üçin Bütinsoýuz bäsleşiginde Hormatly diploma mynasyp bolýar. Nury Halmämmedowyň döredijiligine degişli bolan “Türkmenistan” atly simfoniki sýuita onuň diplom işi bolup durýar. Ol ilkinji gezek 1963-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň gutardyş synaglarynda, merkezi telewideniýäniň we Bütinsoýuz radionyň Uly simfoniki orkestri  tarapyndan ýerine ýetirilýär. Soňraky ýyllarda bolsa “Türkmenistan” atly simfoniki sýuita ençeme gezek Moskwanyň, Leningradyň (Sankt-Peterburgyň), Kiýewiň, Daşkendiň iň ýokary simfoniki orkestrleri tarapyndan ýerine ýetirilipdir.

Aýdym-saz sungatynyň görnükli wekili bolan Nury Halmämmedowyň döredijiligi kino režissýorlaryň ünsüni çekip, kompozitora kino sungatyna çakylyk gelýär. Kompozitor geçen asyryň ikinji ýarymynda surata düşürilen “Aýgytly ädim”, “Şükür bagşy”, “Magtymguly”, “Keçpelek”, “Mukamyň syry”, “Japbaklar”, “Gorkak batyr” we başga-da birnäçe filmler üçin saz ýazýar. Kompozitoryň filmler üçin döreden saz eserleri şol filmleriň üstünligine üstünlik, meşhurlygyna meşhurlyk goşdy diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Bu aýdymdyr-sazlar kino we aýdym-saz sungatynyň muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Uly meşhurlyga eýe bolan bu aýdym-sazlar häli-häzirem söýülip diňlenýän we söýülip ýerine ýetirilýän ajaýyp sungat eserleri bolup galýar.

Kompozitoryň döredijiligine balet, simfoniki orkestr üçin eserler, a’kapella hory üçin eserler, wokal-simfoniki sazlar, hor we fortepiano üçin, şeýle-de çagalar hory we fortepiano üçin birnaçe eserler, kinofilmler we multfilmler üçin sazlar, kamera-instrumental sazlar, bulardan başga-da fortepiano üçin, wiolonçel we fortepiano üçin, skripka we fortepiano üçin, truba we fortepiano üçin, goboý we fortepiano üçin, fleýta we fortepiano üçin birnäçe eserler, wokal toplumlary, we başga-da birnäçe aýdymlar we romanslar degişli.

Kompozitor Nury Halmämmedow 1983-nji ýylyň 4-nji awgustynda aradan çykýar. Ol türkmen aýdym-saz sungatynda özüniň owazlarydyr-mukamlary bilen öçmejek yz galdyrýar. Nury Halmämmedowa türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin  “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” (1979) we “Türkmenistanyň halk artisty” (1991) diýen hormatly atlar dakylýar.

Bellik: “Türkmenistanyň kompozitorlary” atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy esasynda taýýarlanyldy.

Şahsyýetler sahypamyzdaky makalalary aşakdaky «sary hatlara» basyp okap bilersiňiz!

Maýa Kulyýewa — türkmeniň şeýda bilbili

 

Şahyr Gara Seýitliýewi ýagşylykda ýatlap

 

Nurmyrat Saryhanow (1906-1944)

 

Beki Seýtäkow (1914-1979)

 

Gurbandurdy Gurbansähedow (1919-1992)

 

Berdi Kerbabaýew (1894-1974)

 

Kerim Gurbannepesow — hazynaly halypa

 

Gurbannazar Ezizow — zehinli şahyr

 

Hydyr Derýaýew (1905-1988)

 

Ata Atajanow (1922-1989)

 

Ata Gowşudow (1903-1953)

 

Mämmet Seýidow (1925-1992)

 

Aman Kekilow (1912-1974)

 

Agahan Durdyýew (1904-1947)

 

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin

 

Ernest Miller Hemingueý 

 

Hans Kristian Andersen

 

Atamyrat Atabaýew 

 

Lew Nikolaýewiç Tolstoý

 

Anton Pawlowiç Çehow

 

Sergeý Ýesenin 

 

Çingiz Aýtmatow 

 

Iwan Andreýewiç Krylow