Çagalygyndan aýdymyň jadyly gapysynyndan ätläp, arzuwyndaky menzillere ýetmekdäki höwesini bes etmäni, geljegi üçin maksadaokgunly öňe barýan aýdymçy gyzymyz,  «Türkmeniň Altyn asyry » bäsleşiginiň ýeňijisi Ogulgerek Durdyýewa, häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarda, «Türkmen owazy» teleýaýlymynda özüniň dürli temalardaky aýdymlary bilen halkymyza ruhy lezzet paýlamakda mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly okyjylar! Megerem aýdymçy barada bilmek hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Ogulgerek Durdyýewa 1987-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinde dünýä inýär. Ol 1995-nji ýylda 12-nji orta mekdebe 1-nji synpa okuwa girýär. 2012― 2017-nji ýyllarda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýokary bilim alýar. Ogulgerek Durdyýewa 2009-njy ýylda «Türkmeniň Altyn asyry » bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başarýar. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatanturkmenistan.com saýtynda söhbetdeşlikde beýan edilýär. Aýdymçydan söhbetdeşligiň dowamynda özünde bar bolan halamaýan häsiýeti barada berlen sowala şeýle jogap berýär.

— Meniň öz ýörelgelerim bar, şol ýörelgelerimiň çygryndan çykylan ýagdaýynda pikir etmäni öz närazylygymy bildirýärin. Bu bolsa maňa kä ýerde bähbitli bolsa-da köp ýerde zyýan berýär. Şol sebäpli-de şu  häsiýetimi üýtgetmäge islegim bar.

Her bir adamyň sungata gelşi özboluşly bolýar. Aýdymçydan eger aýdymçy bolmadyk bolanyňyzda haýsy käri saýlardyňyz diýip sowal berenlerinde ol şeýle jogap berýär.

Men okuwçy wagtym taryh sapagyny gowy görerdim. Şonuň üçin ýaýdanmany aýdyp biljek, egerde nesibämde aýdymçylyk ýok bolanynda men taryh mugallymy bolardym. Sebäbi hemmämiz bilýäris 4-nji synpda «Meniň watanym» diýip sapak geçilýär. Ol sapakda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki gözellikler, täsinlikler öwredilýär. Soňra bolsa taryhyň sebit we ählumumy dersleri okadylýar. Taryha bolan gyzyklanmam mende häzir-häzirlerem dowam edýär. Taryh mugallymyň gürrüň berýän wakalary edil kino lentasy ýaly yzygiderlikde göz öňümde janlanardy. Mugallymyň aýdyp berýän gyzykly gürrüňleriniň üstüni ýetirmek üçin bolsa kitaplary dörüp ugrardym. Gyzykly söhbetdeşligi doly okamak isleseňiz şu ýere basyň!

Beýleki söhbetdeşlikleri hem okaň:

Leýli Ökdirowa – Ýylyň parlak ýyldyzy

Azat Dönmezow: Lukman ýa-da uçarman bolardym

Gözel Öwezowa – Maýa Kulyýewanyň ýeke-täk şägirdi

Begmyrat Annamyradow — aýdymçy bolmadyk bolsam

Täşli Tülegenow — «çopan ýolunyň ussady»

Begler Nurberdiýew: aktýorçylyk sungaty bilen gyzyklanýaryn

Tirkiş Mätnazarow: Ene hakda aýdym aýtmagy halaýaryn