“Oskar” baýragynyň eýesi, “Joker” filminiň baş gahrymany Hoakin Feniks “Midsommar”, “Hereditary”  ýaly gorkuly žanrdaky filmleriň režissýory Ari Asteriň filminde surata düşer. Bu barada “Deadline”-na salgylanyp “ria.ru” habar berýär. Şeýle-de, Feniksiň baş keşbi ýerine ýetirjek taslamanyň ady “Disappointment blvd” (türkmen dilinde ‘Göwnüçökgünlik bulwary’) diýip, atlandyrylarjakdygy bellenilýär.

Film hakynda heniz doly maglumat ýok. Şonuň ýaly hem filmiň surata düşüriljek pursatlarynyň haçan başlajakdygy hem heniz belli däl. Ýöne, Hoakin Feniks režissýor Ridli Skottyň “Kitbag” (Napoleon Bonapartyň keşbini ýerine ýetirer) filmine başlamazdan, Ari Asteriň filminde surata düşjekdigini “Deadline” aradan aýyrmaýar diýip, çeşmede bellenip geçilýär. Habarda bulardan başga-da, fransuz imperatory we serkerdesi baradaky dramanyň takmynan 2022-nji ýylda çykjakdygy barada goşmaça maglumat ýerleşdirilipdir.