“Oskar” kino pudagynda iň meşhur baýraklaryň biridir. Bu baýrak kino äleminde iň meşhur we abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar. Bu baýrak ilki Jorj Stenli tarapyndan Sedrik Gibbonsyň dizaýn esri tarapyndan ýasalypdy. Akademiýa baýrak gowşurylyş dabarasy ilkinji gezek 1930-njy ýylda radio arkaly ýaýlyma berildi we 1953-nji ýylda ilkinji gezek telewideniýede görkezildi. Bu dünýädäki iň gadymy medeni baýrak gowşurylyş dabarasy we häzirki wagtda bütin dünýäde göni ýaýlymda görkezilýär. 2019-njy ýylyň iň gowy filmlerine hormat goýulýan 92-nji akademiýa baýrak gowşurylyş dabarasy 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirildi. “Oskar” ilkinji gezek 1929-njy ýylda maý aýynyň 16-syna gowşurdy. Baýrak indi adatça her ýylyň fewral aýynda gowşurylýar. Eýsem-de bolmasa “Oskar” baýragyny iň köp kim gazandyka?! Megerem muny bilmek hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

Körpeler üçin birnäçe işler bitiren, meşhur Uolt Disneý dünýäde «Oskar» taryhynda bu baýraga iň köp mynasyp bolan adamdyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, onuň döreden animasiýa eserleri, multfilmleri köpçülik tarapyndan gyzgyn garşylanyp, birnäçe dillere terjime edildi. Uolt Disneýiň döreden multfilmleri häli-häzirlerem ekrandan düşmän körpelere ýetirilýär. Onuň jemi 59 ekran eseri «Oskar» baýragyna dalaşgär boldy. Şeýlelikde onuň 22 sany ekran eseri dürli ýyllarda «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Bu bolsa, Uolt Disneýiň döreden eserleriniň hakykatdanam özboluşludygyny, gyzyklydygyny äşgär edýär. Onuň döreden ekran eserleri, multfilmleri başga-da birnäçe dünýäniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Uolt Disneýiň gazanan baýraklary öýündäki şahsy muzeýinde goragly saklanylýar.

«Golliwudyň» ençeme filmlerinde Ketrin Hepbern özüne ynanylan keşpleriň ählisini ussatlyk bilen janlandyrdy. Onuň sungat ulgamynda çeken yhlasly zähmeti özüniň datly miwesini berdi. Ketrin Hepbern «Oskar» baýragyna 12 gezek dalaşgärlik edip, 4 gezek «Iň gowy aktrisa» ady bilen mynasyp boldy. Ýöne, ol öz baýraklaryny almaga dabara gatnaşmadyk zenandyr. Aktrisadan munuň sebäbini soranlarynda ol : «Meniň üçin baýrak hiç zat. Meniň baýragym bu meniň sungaty» — diýip, žurnalistlere jogap beripdir. «Säher şöhraty», «Agşamly naharyna kim geler», «Gyşda ýolbars», «Altyn howuzda» filmler Ketrin Hepberniň dürli ýyllarda «Oskara» mynasyp bolan keşp janlandyran filmleridir. Ketrin Hepbern dünýäde iň köp «Oskar» baýragyna mynasyp bolan zenan artistdir.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]