Özbegistan Türkmenistanda ulaglaryň we elektrik tehnikalarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada Özbegistanyň wise-premýeri, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Daşkentde duşenbe güni geçirilen Özbek-türkmen ykdysady forumynda belläp geçdi.

Özbegistanyň wise-premýeri, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda esasan hem senagat, ulag we logistika hem-de sebitara hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrmalydygyny belledi. Geçirilen ykdysady forumda “Uzavtosanoat” we “Turkmenistan-Motors” kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanda ýörite tehnika öndürmek barada şertnama baglaşyldy.

Continue reading Özbegistan Türkmenistanda ulag we elektrik tehnikalarynyň önümçiligini ýola goýar at InAshgabat.