Dünýä belli auksion öýi bolan “Sotheby”-da täze seýrek gabat gelýän gymmat bahaly göwher daşy alyjylara ýetirildi. Russiýada tapylan iň uly gyrmyzy-gülgüne göwher daşy “Gül tymsaly” diýip atlandyryldy. Bu gymmatbaha göwher daşy 14,83 karata barabardygy mälim edildi. “Gül tymsaly” gyrmyzy-gülgüne göwher daşy reňki we aýdyňlygy boýunça örän seýrek gabat gelýänligi bilen tapawutlanýar. Göwher daşy Russiýa tarapyndan satuwa çykarylan ilkinji möhüm göwherdir. “NTV” habar gullugynyň habar bermegine görä, göwher daşy 26,6 million dollara satyldy. Bu görkeziji hem onuň her bir karatynyň 1,5 milliona deňdigi mälim edildi. iň uly gyrmyzy-gülgüne göwher daşynyň 23-38 million dollar aralygynda satylmagyna garaşylýardy.