Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de Aş­ga­bat şä­he­ri­ni wasp ed­ýän iň go­wy aý­dym­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça bäs­le­şik yg­lan ed­ýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny has-da şöhratlandyrmak maksady bilen yglan edilýän bäsleşige Aşgabat şäherini wasp edýän iň gowy aýdymlar hödürlenip bilner.

Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda beren tabşyrygyna laýyklykda, goşgusynyň, sazynyň we aýdymy ýerine ýetirijiniň sazlaşygyndan dörediljek Aşgabat hakyndaky aýdymlar halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidir, aýdymlarda paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Ak şäherimiz Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini, owadanlygyny, gözelligini, binagärlik aýratynlygyny suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydyr.

Bäsleşige hödürlenýän aýdymlary bir ýa-da iki aýdymçy (aýratynlykda ýa-da hor bilen), şeýle-de hor topary ýerine ýetirip biler. Bäsleşige gatnaşyjylar öz ýerine ýetiren aýdymlarynyň audioýazgysyny hem-de sözlerini (elektron görnüşde) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine tabşyrmaly.

Aşgabat hakynda täze aýdymlary döretmek boýunça bäsleşik üç tapgyrda guralyp, onuň birinji tapgyry şu ýylyň 25-nji maýynda — Aşgabat şäheriniň gününde, ikinji tapgyry «Aşgabat» durmuş maksatly desgalar toplumynyň açylyş dabarasynda, üçünji tapgyry bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde jemlener. Bäsleşikde Aşgabat şäherini wasp edýän iň gowy aýdymlaryň goşgusyny, sazyny döredenler we aýdymy ýerine ýetirijiler sylaglanar.

Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň medeniyet.gov.tm web saýtynda tanşyp bilersi­ňiz.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 44-00-11, 44-00-99.

Elekt­ron sal­gy­sy: tmcul­tu­re@ma­il.ru