• Köpçülikleýin surata düşülen pursatlary kimdir biriniň gözi ýumuk ýagdaýda düşýän gezekleri az bolmaýar. Munuň beýle bolmazlygy üçin, surata düşýänleriň hemmesine gözlerini ýumup, üçe çenli sanamagy we üçe ýetilende bolsa gözlerini açmagy teklip ediň.
  • Telefon suwa gaçsa näme etmeli? Telefondan SIM karta we SD kartasyny aýyryp, ony içi tüwüli gaba salyp, gapagyny hem ýapyp goýuň, tüwi çyglygy özüne çeker.
  • Eger-de elektrik lampasy atylyp, onuň patrona towlanyp oturdylýan bölegi, ýagny lampanyň düýbi patronda galan bolsa, size bu işde ýer almasy ýardamçy bolup biler. Patronyň içinde galan lampanyň düýbüne ýer almasyny dürtüň we togalap lampanyň düýbüni aýyryň.
  • Eger-de bulgurlar biri-biriniň içinde dykylyp galan bolsa, onda ýokarky bulguryň içine bir bölek buz atyň, aşaky bulgury bolsa ýyly suwa batyryň.
  • Krossowkalaryňyzyň täze alynan wagtyndaky ýaly ýalpyldap duranyny isleýäňizmi? Könelişen diş çotganyň ýüzüne biraz diş pastasyny guýuň we diş çotga bilen krossowkany gowy edip arassalaň.