“ixbt.com” saýtynda habar berilişi ýaly, Redmi “Note 10” hataryna üç model, ýagny “Note 10 Pro”, “Note 10 Pro Max” şol sanda “Redmi Note 10” girer.

“M2101K7A” model belgili “Redmi Note 10” Snapdragon 678 ykjam platformasy, IPS ekrany we 48MP dört kamera bilen üpjün ediler. 4/64 we 6/128 GB ýady bilen, “Pebble White”, “Lake Green”, “Aqua Green”, “Frost White”, “Shadow Black” reňklerinde elýeterli bolar.

“Redmi Note 10 Pro” ýady 6/64, 6/128 we 8/128 GB, “Redmi Note 10 Pro Max 5G” bolsa ýady 6/128 we 8/128 GB görnüşleri bolar. “Redmi Note 10 Pro” we “Redmi Note 10 Pro Max 5G”, gök, kümüş, çal, gara reňklerde elýeter boljagy bellenilip geçilýär.

Şeýle-de, “Redmi Note 10 Pro” we “Redmi Note 10 Pro Max” 5G 120Hz täzelenme ýygylyny goldaýan IPS ekranlaryna eýe bolar diýip, aýdylýar.

“Redmi Note 10 Pro” enjamy Snapdragon 732G SoC we 64 megapikselli dört kamera bilen, “Redmi Note 10 Pro Max” 5G hakda belläp geçsek, ol Snapdragon 768G ykjam platformasy we 108MP şekil datçigy bilen, şeýle-de modelleriň ikisi hem 5050 mAh akkumlýator bilen üpjün ediler.

Çeşme-de bellenilişi ýaly, Redmi Note 10-nyň tanyşdyryş dabarasy 4-nji martda bolar.