Portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo häzirki wagtda çykyş edýän Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýurduň Superkubogynyň final duşuşygynda “Napoli” toparyna gol geçirip, resmi duşuşyklardaky gol sanyny 760-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol futbol taryhynyň iň köp gol geçiren futbolçysy derejesini eýeledi. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda aýdylýar.
Ronaldonyň iň ýakyn bäsdeşi hökmünde görkezilen Lionel Messi 719 gol bilen 5-nji orunda barýar.
Dünýäniň iň köp gol geçiren futbolçylary:
760 – Ronaldo
759 – Ýosef Bijan
757 – Pele
743 – Romario
719 – Lionel Messi
RONALDONYŇ 33-NJI KUBOGY
Şeýle hem Kristiano Ronaldo karýerasyndaky 33-nji kubogyny aldy. Bu ugurda Messiniň 34 kubogy bar.
Ronaldo, “Ýuwentus” toparyndaky karýerasynda iki gezek “Serie A” çempionatynyň çempiony bolmak bilen iki gezek Italiýanyň Superkubogyny aldy