Russiýa Federasiýasy – uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklarynyň dürli zerur görnüşleri we möçberi, taýýarlykly hünär derejesi bolan işçi güýji bilen üрjün edilen dünýädäki ösen senagatly iň uly ýurtlaryň biridir.

Geografik ýerleşişi we tebigy baýlyklary. Russiýa Federasiýasy Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Aziýanyň uly bölegini eýeleýär. Onuň umumy meýdany 17075,4 müň km2 (Ýer togalagynyň meýdanynyň 13%-i). Ýurduň meýdany gündogardan günbatara giňişlik ugur boýunça 9 müň km, meridional ugurda 1 müň km uzap gidýär. Günbatarda Russiýanyň goňşy döwletler bilen gurşalan bölegi – Kaliningrad oblasty ýerleşýär. Ýurduň çägine Demirgazyk buzly we Ýuwaş ummanlaryndaky köp sanly adalar hem girýär.

Döwlet gurluşy boýunça Russiýa prezident tarapyndan dolandyrylýan federatiw döwletdir. Dolandyryş-çäk taýdan ýurt federasiýanyň subýektleriniň 89-syna bölünýär. Olara respublikalar, ülkeler, oblastlar, awtonom okruglar, awtonom oblastlar we federal ähmiýetli iki şäher (Moskwa we Sankt-Peterburg) degişlidir. Olaryň ählisi 8 federal okruga bölünýär.

Ýurduň ýerüsti dürlüligi bilen tapawutlanýar. Kawkaz daglary, Ural daglary, Sibiriň we Uzak Gündogar daglary giň territoriýany eýeleýär. Ýöne şeýle-de bolsa, ýurduň 70% meýdany düzlüklerdir.

Maýdanynyň  giňligi we geologik gurluşynyň aýratynlyklary Russiýanyň gazma baýlyklarynyň jemi gorlary, şol sanda tebigy gazyň, kömrüň, demir magdanynyň ýüze çykarylan gorlary dünýäde birinji orny eýelemegi üpjün edýär. Nebitiň, reňkli we seýrek metallaryň, almazyň, magdan däl çig mallaryň barlanan gorlary boýunça bolsa görnükli orny eýeleýär. Ýöne şol gazma baýlyklaryň esasy bölegi ýaşalmaýan etraplarda ýerleşýär.

Russiýa derýa torunyň uly gürlügi bilen tapawutlanýar. Onuň çäginde umumy uzynlygy 2,3 mln km bolan 120 müň derýa ýerleşýär. Territoriýasynyň takmynan ýarysyna golaýyny tokaý tutýar. Tokaýlaryň meýdany boýunça (8514 müň km2) Russiýa dünýäde birinji orny eýeleýär. (dünýäniň tokaý örtüginiň 25%-i)

Ilaty. Russiýa ilatynyň sany boýunça dünýäde altynjy orny eýeleýär. 2020-nji ýylyň başynda onuň ilaty 145 mln 934 müň 462 adama barabar boldy. Ýurduň demografik ösüşi az-kem çylşyrymly bolmagyna galýar. Ýöne goňşy Ýewropa ýurtlarynda tapawutlylykda , demografik maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ilatyň tebigy köpelişinde käbir  ilerlemeleriň ýüze çykandygyny görmek bolýar.

Hojalygy. GDA-nyň düzüminde Russiýa ozalkysy ýaly öňdebaryjy orny saklap galýar. Ýurduň halk hojalygy önümçilik pudaklarynyň örän çylşyrymly ulgamyny öz içine alýar. Onuň düzüminde ýangyç energetika ulgamy öňdebaryjy orny eýeleýär.

Nebitiň gorlary boýunça Russiýa dünýäde 6-njy orny eýeleýär. Häzirki wagtda nebitiň esasy bölegi Günbatar Sibir sebitinde gazylyp alynýar. Bu ýerde nebitiň we gazyň 300-e golaý ýatagy anyklanyldy. Nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar esasan nebit geçirijileriň ugrynda ýerleşendir.

Tebigy gazyň senagat gorlary boýunça Russiýa dünýäde birinji orny eýeleýär. Onuň esasy bölegi (90%) ýurduň gündogar etraplaryndan (esasan, günbatar Sibirden şol sanda Ýamal-Nenes awtonom okrugyndan) gazylyp alynýar. Soňky ýyllarda elektrik energiýasynyň öndürilişi artýar. Onuň düzüminde ÝEB-niň paýy 60%-e, SEB-niň paýy 19% -e barabar.

Maşyn gurluşygy ýurduň ykdysadyýetiniň iň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Ol kiçi birnäçe pudaklardan we önümçiliklerden durýar. Energetika maşyn gurluşygy kärhanalarynda kuwwatly bug turbinalar we generatorlar, elektrik dwigateller ýasalýar. Kärhanalar, Biýsk, Barnaul, Taganrog, Belgorod, Sankt-Peterburg, Nowosibirsk, Wolgodonsk şäherlerinde ýerleşýär.

Oba hojalygy. Ýurduň ýer gorunyň örän uludygyna garamazdan oba hojalygynda peýdalanylýan ýerler 208,4 mln gektara barabardyr. Bu bolsa, Russiýanyň ekerançylyk boýunça Hytaý we ABŞ-dan soňra dünýäde üçünji orny eýeleýändigini şaýatlyk edýär. Russiýa Federasiýasynda öndürilýän esasy däneli we kösükli ekinleri — bugdaý, arpa, dary, mekgejöwen, nohut, noýba we soýadyr. Russiýa däne öndürmek boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Ýeralma öndürmek boýunça Russiýa birinji orny saklap gelýär.

Russiýanyň Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary barha giňeýär. Ykdysady gatnaşyklar, esasan nebit-gaz toplumynda, ulag we kommunikasiýa ulgamynda ýol gurluşygynda syýahatçylyk hojalygynda has önjeýlidir.

Bellik: “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” kitaby esasynda taýýarlanyldy.

 

Beýleki ýurtlar barada hem gyzykly maglumatlary aşakdaky sary hata basyp okap bilersiňiz

Germaniýa

Italiýa