Dünýä belli pop ýyldyzy Şakira pandemiýa döwründe konsertden gelýän girdejisiniň peselmegi netijesinde, aýdymlaryny maýa goýum kompaniýasyna satmagy karar berdi. Şeýlelik-de Şakira 145 aýdymyny maýa goýum kompaniýasyna satdy.

Şakira 145 aýdymyna bolan hukuklaryny Londondaky “Gipgnoz aýdymlary gaznasy” atly aýdym-saz maýa goýum kompaniýasyna satan iň soňky aýdymçy boldy.

Üç gezek «Gremmi» baýragynyň eýesi bolan Şakira «Hips Don’t Lie», «Whenever, Wherever», «Underneath Your Clothes» we 2010-njy ýylda geçirilen FIFA dünýä çempionatynyň “Waka Waka” «This Time For Africa» aýdymy bilen has meşhurlyk gazandy. «Spotify» we «YouTube» ýaly aýdym-saz platformalarynda diňleýjileriň iň köp ünsini çekdi.