Allan, allan edeýin,

Baga seýran edeýin.

Bagyň gyzyl gülüni,

Saňa gurban edeýin.

Huwwa-huw

—diýip, Mähribanjygyň meýmiräp ýatan sallançagyny üwräp oturan enem:

—Şu sallançagy kim oýlap tapan hem bolsa oňaraýypdyr, balalar üwrelip, hüwdi diňläp rahat ýatýarlar. Asyl-a sallançak bolmasa, çagalary ulaldyp bolmajak ýaly — diýip, agtygyna ýylgyryp bakdy.

Dogrudan-da, sallançagy nädip oýlap tapdylarka?! Bu soragyma birwagtlar garry mamam gyzykly gürrüňiň üsti bilen jogap beripdi. Gadym zamanlarda bir aýalyň uzak wagtlap çagasy bolmaýar. Bir gün ol düýşünde akja posalak çaganyň iki tarapy tamyň ýüzüne berkidilen matanyň arasynda üwrelip ýatanyny görýär. Gelin düýşüniň ýorgudyny bilmän: «Be-e, Alla janlarym, bu nämäniň alamatyka?» diýip, köp oýlanýar. Ol dananyň ýanyna baryp, düýşüni aýdyp berýär-de, ony ýorup bermegini haýyş edýär. Dana oňa keramatly ýerlere zyýarat edip, çile agajyna matany düýşünde görşi ýaly edip daňmagy maslahat berýär. Gelin dananyň aýdyşy ýaly edip, matany çile agajyna berkidýär. Şonda agaçdan sallanyp duran matanyň şekili emele gelýär. Zenan şekili sypap: «ýylçak, ýylçak» diýýär. Bu şekil edil düýşünde görşi ýaly bolansoň, gelin onuň içine taýak böleginden ýasalan gurjak salýar. Gelin oturyp ýagşy arzuw-dilegler edýär. Aý-günüň geçmegi bilen, bu aýalyň çagasy bolýar. Garry mamam aýtmyşlaýyn, şeýdip «sallanan» sözüniň yzyna «ýylçak» sözi goşulyp, gysgaldylyp «sallançak» sözi emele gelipdir. Şondan soň sallançak öýleriň törüniň bezegine öwrülýär, türkmençilikde oňa mukaddeslik hökmünde garalýar.

Enelerimiz sallançak bilen bagly ençeme ýörelgeleri, däp-dessurlary berjaý edipdirler. «Sallançagyň bady gowşamasyn, körpä göz degmesin!» diýip, yrym eden ene-mamalarymyz gara we ak ýüpden işip, ýörite sallançak bagyny taýýarlapdyrlar. Sallançagyň kilimini çaga gül ýaly päk bolsun diýen niýet bilen «gülýaýdy» nagşyny salyp dokapdyrlar. Sallançagyň iki tarapyna çaga uzak ýaş, berk jan saglyk arzuw edilip, dagdan agajynyň bölegini dakypdyrlar. Sallançagyň bir ýerine gözmonjuk ildirmek, üzärligiň şahajyklaryny dakmak hem ýörgünlidir. Çagany sallançaga ýatyranlarynda, ýassygyň aşagyna bir döwüm çörek hem goýupdyrlar. Bu yrym körpäniň basyrganmazlygy üçin berjaý edilipdir.

Sallançak ýasalanda onuň kiliminiň daşyna alaja aýlanýar. Sallançak ýüpi, üwrew bagy çaga dünýä inmezinden öň ak, gara sapakdan alaja edilip işilýär. Şol alaja ýüp ynsan gözüniň görejiniň güýjüni serpikdirip, çagany göz degmekden goraýar diýen yrym bilen baglylykda ýerine ýetirilýär. Zenanlaryň mähir siňdirip işen alajalaryna ilik, göz monjugy, dagdan agajyndan, kümüşden, misden ýasalan şekilleri hem dakýarlar.

Halkymyzda dünýä inen çagany sallançaga salmagyň hem özboluşly dessury bar. Aslynda entek etikmedik çagany kyrk çilesinden çykýança tekiz ýerde ýatyrmak dogry hasaplanýar. Eger-de çaga birahat ýa-da biynjalyk bolsa, onda ony sallançaga salsaň bolýar. Ene-mamalarymyz çaga bäbekhanadan gelýänçä derrew öýüň töründe sallançak gurmagyň aladasy bilen bolýarlar. Bu ýerdede türkmençilikde ýörgünli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär. Ene-mamalarymyz sallançagy sähetli gün gurup, üzärlik tütedýärler. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen çagany ilkinji gezek ýakyn hossarlarynyň içinden köp çagaly enäniň gujagyna berip, sallançaga saldyrýarlar. Hoş owazly hüwdüler aýdyp, çaganyň gulagyny ýakymly mukamlardan gandyrýarlar. Mylaýym hüwdüden we ene süýdünden ganan çaga ulalansoň, salykatly hem-de mähirli bolýar.

Asyrlaryň dowamynda çaga sallançagy tamyň ýüzüne telbe kakylyp, halka ýasalyp, ýüp daňylyp kilimden ýasalardy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sallançaklar hem döwrebaplaşdy. Häzirki döwürde sallançaklar demirden, tagtadan ýasalyp, dürli nagyşlar bilen bezegi ýetirilýär. Goý, törlerimiziň bezegi bolan sallançaklarymyzyň bady gowşamasyn, çagajyklarymyzyň gülküsi dünýä ýaň salsyn! Perzentlerine guwanyp, mylaýym hüwdüsini mähir bilen aýdýan eneleriň ajaýyp owazy her bir ojakda ýaňlansyn — diýlip, “Ahal durmuşy” gazetiniň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky sanynda çap edilen žur­na­list Ogulbaýram Taganowanyň makalasynda aýdylyp geçilýär.