Şu gün Günorta Koreýada ýerleşýän tehnologiýa ägirdi bolan “Samsung” kompaniýasy ulanyjylaryň köpden bäri sabyrsyzlyk bilen garaşýan täze “Samsung Galaxy S21” modelini tanyşdyrdy. “Samsung Galaxy S21” üç sany dürli modelleri özünde jemleýär. Olar “Galaxy S21”, “Galaxy S21 Plus” hem-de “Galaxy S21 Ulta” modelleridir. Onlaýn geçirilen tanyşdyryş dabarasynda modelleriň ähli aýratynlyklary ulanyjylara ýetirildi. Biz hem bu habary size gyzgyny bilen ýetirmegi makul bildik. Geliň, täze modelleriň aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň.

Galaxy S21” we “Galaxy S21 Plus” modelleriň aýratynlyklary:

“Galaxy S21” we “Galaxy S21 Plus” modelleri dizaýn we aýratynlyklary boýunça birmeňzeşdir. Ýöne şonda-da käbir ýerlerde üýtgeşmeler bar. Ekranynyň ululygy 6.2 dýuým bolan “Galaxy S21” we 6.7 dýuým bolan “Galaxy S21 Plus” 2400X1080 durulykda dinamiki AMOLED ekrany bar. HDR10+ goldawy bolan bu ekranlar 120 Hz täzeleniş tizligini hem hödürleýär. Iki model hem “Samsung” kompaniýasynyň täze nesil prosessory bolan “Exynos 2100” bilen üpjün ediler. “Galaxy S21” we “Galaxy S21 Plus” modelleri 8Gb RAM we 128/256 Gb içki ýady bilen geler.

“Galaxy S21” modeli 25W tizlikli we 15 Wt simsiz zarýad beriş goldawy bolan 4000 mAh akkumulýator bizi garşy alýar. Mundan başga-da bu batareýa 4.5 W ters simsiz zarýad bermegi goldaýar.

“Galaxy S21 Plus” modeli has güýçli batareýa eýedir. Kuwwatlylygy 4800 mAh bolan telefon 25 Wt çalt, 15Wt simsiz we 4.5 W ters simsiz zarýad beriş goldawyny hödürleýär.

Kamera aýratynlyklary:

Akylly telefonlaryň kamera aýratynlyklaryna seredenimizde olaryň birmeňzeşdigini görýäris. Modelleriň arka tarapynda 12 MP, f / 1.8 esasy kamera, 64 MP, f / 2.0 telefon kamerasy we 12 MP, f / 2.2 ultra giň burçly kamera bizi garşy alýar.

“Galaxy S21” we “Galaxy S21 Plus” 10X optiki ýakynlaşdyrma bilen birlikde 8K 30 FPS we FullHD 120 FPS wideo ýazgysyny goldaýar.

Smartfonlaryň öň tarapynda 10 MP, f / 2.2 ölçegli kamerany görmek bolýar. Bu öňdäki kameranyň kömegi bilen 4K 60FPS wideo ýazgy alyp bolýar.

Zarýad beriji enjamsy we gulaklyksyz geler

Täze modeller gynansagam, zarýad beriji adapter we gulaklyk “Galaxy S21” we “Galaxy S21 Plus” gutularyndan çykmaz.

Galaxy S21 Ultra” — modelleriň iň naýbaşysy

“Galaxy S21 Ultra” 6.8 dýuým ululygy we 3200×1440 piksel ölçegli dinamiki “AMOLED 2X” ekrany bilen geler. Ýene-de bu ekranda HDR10+ goldawy we beýleki modeller ýaly 120 Hz täzeleniş tizligi bar.

“Galaxy S21 Ultra” täze nesil “Exynoss 2100” prosessor bilen hem üpjün ediler.

12 GB / 16 GB RAM we 128 GB / 256 GB / 512 GB içki ýady bolan akylly telefon 5 W çalt, 15 W simsiz we 4.5 W ters zarýad beriş goldawy bilen 5000 mAh akkumulýator bar.

Kamera aýratynlykary

Akylly telefonyň kamerasy barada aýtsak, “Galaxy S21 Ultra”-nyň arka tarapynda gaty uly datçikli 108 MP, f / 1.8 esasy kamera, 10 MP, f / 4.9 telefon kamerasy (10x optiki ýakynlaşdyrma), 10 MP f / 2.4 ikinji telefon kameraly we 12 MP, f / 2.2 ultra giň burçly kamera girýär.

Yzky kameralar 8K 30 FPS, 4K 60FPS we FullHD 120 FPS wideo ýazgyny goldaýar. 40 MP, f / 2.2 bahaly öň kamerada 4K 60 FPS wideo ýazga alyp bolýar.