Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, ýurdyň töleg ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, bank hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga hem-de raýatlaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär. Sanly ykdysadyýete başgaça elektron ykdysadyýet hem diýlip, onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada “ykdysadyýet” sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady işden başga-da, bu özgertmäniň netijesinde jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir.

Continue reading Sanly ykdysadyýet: döwrebaplygyň binýady at InAshgabat.