«Alfa Romeo Tonale» atly awtoulag «What car?» žurnalynyň okyjylarynyň sesleri bilen “2021-nji ýylyň awtoulagy” baýraklarynda ýeňiji hökmünde görkezildi.

Kompaniýanyň beren beýanyna görä, 2019-njy ýylyň Ženewa awtoulag sergisinde «Alfa Romeo Tonale» awtoulagynyň  global tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Köpçülikleýin önümçilik şu ýylyň ahyrynda başlamagy meýilleşdirilýän awtoulagyň aýratynlyklary hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

“What car?” žurnalynyň Baş redaktory Stiw Huntingford: “What car?” žurnaly tarapyndan yglan edilýän «ýylyň awtoulagy»  baýragy diýseň güýçli bäsdeşligi öz içine alýar.  «Alfa Romeo Tonale»  awtoulagy şu wagta çenli ikinji orny eýelän awtoulagdan iki esse köp ses alyp bu baýraga mynasyp bolmagy başardy” — diýip nygtady.