Russiýa 2020-nji ýylyň ahyrynda biometrik maglumatlaryň ulanylyşyny giňeldýän kanun taslamasyny kabul etjekdigini mälim edildi — diýip, «NTV» habar gullugy habar berýär.

«Izwestiýa» gazetinde ýerleşdirilen habara görä, Russiýa Parlamentiniň kanun çykaryjy ýygnagy, ýüz we ses tanamak ulgamy boýunça tehnologiýalary bazarlarda, kafelerde, we restoranlarda işe girizip boljakdygyny nygtady. Şeýlelikde, Russiýa döwletinde biometrik maglumatlarynyň ulanyşa girizilmegi netijesinde satyjysyz supermarketleriň hem açyljakdygy aýdylýar.

Häzirki wagtda birnäçe rus telekeçisiniň ýüz tanama ulgamy bilen satyjysyz supermarket açyp biljekdigi mälim edildi. Habarda rus milletiniň ýüz we ses ýazgylar ulgamy “Rostelekom” tarapyndan taýýarlanan “Birleşen Biometrik Ulgamynyň” maglumat gorunda jemlenendigi mälim edildi.