Ýylgyrana dost diýmäge gyssanma,

Söz alanda syr bermäge gyssanma.

Pursat tapyp umydyňy seslenme,

Dost saýlasaň, togsan tärin geçip al.

***

Bagty onuň nur ýüzünden gözleme,

Ýa-da maýyl sözlerinde gizlenme.

Şerabyň  bagyndan miwe yzlama,

Dost saýlasaň, kalbyndan suw içip al.

***

Çyn dostlary märekede seçilmez,

Sagdan dyrmap, soly bilen eçilmez.

Öýke bolaýsa-da hile geçilmez,

Dost saýlasaň, är ýoluny seçip al.

***

Süýji düýnüne garap, ertiri goýma,

Gyssanyp, ýoluna kalbyňy guýma.

Soňra “ Puşman” atly telpegni geýme,

Dost saýlasaň, gyzgyn otdan çümüp al.

***

Boýalan sözünden ,many gözleme,

Altyn gurlan tagtyň bilen bezeme.

Bezeseňem her sözüne meňzeme,

Dost saýlasaň,näz-nygmatsyz göçüp al.

***

Bütin ömür arça ýaly solmasa,

Şeýtanyň ojagna göçüp-gonmasa.

Imanly ýoluny asla bölmese,

Dost saýlasaň, imanlysyn seçip al.

Amansoltan Sytdyhowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.