Reňkleriň ynsanlaryň duýgusyna hem täsir edýändigi barada hünärmenler belleýärler. Sebäbi reňkleriň her biri bir manyny aňladýar. Mysal üçin, gyzyl reňk — söýgini, gara — gussany, sary — hormaty, ak — parahatçylygy aňladýar. Şol sebäpli önüm öndüriji we hyzmat ediji kompaniýalar öz nyşanlaryny döredenlerinde reňklere aýratyn üns berýärler.

Gyzyl: bu reňk bada-bat göze ilýär we onuň höweslendiriji, işdä açyjy täsirleri bar. Şol sebäpli azyk pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň nyşanlarynyň reňkleri, köplenç, gyzyl bolýar.

Ak: bu reňk päkligi we arassalygy aňladýar. Şeýle hem ak reňk yzygiderliligi we durnuklylygy aňladýar. Köp iş ýerlerinde ak reňkli eşigiň geýilmegi hem şol sebäplidir.

Ýaşyl: bu reňk tebigatyň reňkidir. Ýaşyl ynamy hem aňladýar. Şol sebäpli banklaryň atlary ýaşyl reňkli harplar bilen ýazylýar. Ýaşyl reňk rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, döredijiligi, hyjuwy artdyrýar. Köp ýerlerde aşhanalar we ýatylýan otaglar ýaşyla boýalýar.

Goňur: bu reňk adamlaryň çalasyn hereket etmeklerine täsir edýär. Şol sebäpli tiz tagam bişirýän restoranlarda oturgyçlaryň we stollaryň reňki goňur, diwarlary bolsa açyk reňkde bolýar.

Narynç: bu reňk özüne çekiji, şatlandyryjy, göwnüňi göteriji häsiýetlere eýe. Narynç reňk gan aýlanyşyňy çaltlandyryp, zehiniňi açýar. Çagalar otagy, aşhana we naharhana üçin iň amatly reňk narynçdyr. Emma bu reňk iş we dynç alyş otagy üçin maslahat berilmeýär. Gündelik durmuşda kän ulanylmaýan reňkler:

Tüsseleç — tüsse reňkli, symgylt — öçügsi gyzyl, al — açyk gyzyl, gyzylyň bir öwüşgini.

Çypar — saryýagyz ýüzüni sary menekler tutan, örten.

Gülgüne — öwşün atýan gyzyl reňk.

Mämişi — sarymtyl gyzyl.

Hurmaýy — hurmanyň reňkine meňzeş, goýy gyzyl.

Mardop — goýy gyzyl-goňrumtyl reňk.

Mawy — ýiti açyk gögümtil reňk.

Mele — sarymtyl goňras reňk.

Melewşe — gögümtil reňk.

Mor — gyzgylt.

Nil — goýy gök

Çeşme “Zenan kalby” žurnaly.