Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Ol “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Şoňa laýyklykda,

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… -7 gradus sowukdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8… +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3… +8 gradus maýyl bolar.

Ahal we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… -7 gradus sowukdan -1… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -4… +1 gradusdan +9… +14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… -7 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3… +2 gradusdan +9… +14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Le­bap we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazykgünbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… -9 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -4… +1 gradusdan +10… +15 gradus aralygynda maýyl bolar.

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5… -10 gradus sowukdan -3… +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1… -6 gradus sowukdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… -5 gradus sowukdan +1… +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0… -2 gradus sowukdan +11… +13 gradus aralygynda maýyl bolar.