Geçen asyrda dünýäniň dürli künjegindäki öňdebaryjy inženerleri özboluşly, futuristik transportlaryny döredip synaglary geçiripdirler. Synaglar sesi ozýan çaltlykdaky ýolagçylara niýetlenen awialaýnerleri, turboreaktiw we maglew otlylary, sanardan hem köp nyşanly awtoulaglar, şeýle-de, köpçülikleýin transport  ulaglary bilen geçirilipdir. hi-tech.mail.ru taryhdaky iň üýtgeşik köpçülikleýin transport ulaglary bolan awtobuslaryň sanawy we olar hakyndaky käbir maglumatlar bilen tanyşdyrdy.

Ikarus

Wenger kompaniýasy şäher, şäherara we ýöriteleşdirilen awtobuslary işläp taýýarlamak bilen geçen asyrda özüniň täzelikçilikli taslamary bilen birnäçe gezek tapawutlanmagy başardy. Wengriýalylaň hasabynda dünýäniň birnäçe ýurtlarynda uly üstünlikler bilen satylan transport serişdeleriniň 40-a golaý modelleri bar. Iň gowy ýyllarynda Ikarus ýylda 12 000 nusga öndürýärdi, emma häzir, ýokary bäsdeşlik ýagdaýlarynyň şertlerinde diňe kiçiräk partiýalary öndürmäge mejbur bolýar.

Eksperimental Ikarus Palt – myhmanhanadan göni uçara

Person to Aircraft Luggage Taxi (PALT) – ýolagçylary uçardan myhmanhana we yzyna hiç hili düşürip mündürmesiz şeýele hem yza süýşürmesiz äkitmek hyzmatyny hödürleýän konsepsiýa. 80-nji ýyllaryň birinji ýarymynda kompaniýa birnäçe PALT awtobuslaryny gurmagy başardy. Ilkinji modeli az ýerli bolansoň önümçiligi bolmandyr. Şol sebäpden hem, bir ýyldan soň iki sany kemçiligi aradan aýryp, ýagny, ozalka garanyňda 110 adamlyk ýer, şeýle-de iki toparly shema bolsa manýowr geçirmek ukybynyň pesliginiň meselesini çözüp, täze 692.02 modeli çykardy. Ýöne bu, ýagdaýy halas edip bilmedi, sebäbi ol wagtlar internet bolmansoň öýde oturan ýeriňden bilet almak mümkinçiligi ýokdy. Ikinji ýagdaý, ýolagçylary toparlara bölüp, olary birnäçe myhmanhanalara äkidip gelmek mümkinçiligi hem ýokdy. Ondan soňky modeller hem şowly bolmady.

Ikarus 55 lýuks – 170 at güýjüne eýe

Geçen asyryň 40-njy 50-nji ýyllarynyň çäginde awtobuslar rahatlylygy bilen öwünip bilmeýärdiler. Gohly, haýal, titreýän, gyşlaryna sowuk, tomsuna bolsa yssy howa çydar ýäly däl.

Ikarus 55 Lýuks awtobusynyň özboluşly aýratynlygy, ol hem onuň ilkinji amatly, rahat we tiz awtobus bolmagyndadyr. 170 at güýji bolan kuwwatly hereketlendirijiniň adaty bolmadyk ýerleşişi sebäpli il arasynda oňa “Çilim”, “Raketa”, “Sandyk”, şeýle-de “Sputnik” diýip, atlandyrypdyrlar.

Iki gatly halkara Ikarus 270

Bu awtobus şäherara ýolagçylar gatnawyna niýetlenen we birneme geňräk iki gatly ärhitektura eýe bolup, onda garderob, el ýuwulýan ýer, bufetly sowadyjy, we elbetde, howpsuzlyk kemerli 40 sany oturgyjy bar. Awtobus sagatda 160 km tizligini güýçlendirýän 220 at güýji bolan hereketlendirijisi hem bolupdyr.

Neoplan Jumbocruiser

Bu iki gatly ägirt awtobusyň ölçegleri 18x4x2.5 m , öwrüm radiusy 12 metr we massasy 28 tonna. Üç sany ekipaž agzasyny, sürüjini, sürüjini çalşyjy we ekskursiýa ýolbaşçysyny goşanyňda jemi 102 adama niýetlenen. Awtobusyň salonynda giň şkaf, hajathana, ikinji sürüji üçin ýatylýan ýörite halta we hatda ykjam aşhana hem bar.

Jumbocruiser çäkli mukdarda göberilen hem bolsa dünýäniň köp ýurtlaryna satyldy we hat-da Russiýa-da getirildi. Jumbocruiser häzirki wagtda hem göwrümli awtobus bolup galýar, muny awtobusyň Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alynandygy hem tassyklaýar.

Peacemaker

Bu awtobuslaryň iki görnüşi bar: Peacemaker we Peacemaker II. Birinjisi 50-nji ýyllarda öndürilen iki okly General American Aerocoach (GAA) esaslanyp, eýýäm 61-nji ýylyň önümçiligini motor gurmak arkaly kämilleşdirdi. Ilkinji Peacemaker (rahatlyk dörediji) üç aýyň dowamynda 1987-nji ýylda Demirgazyk Wermontda döredildi. 13 ýyldan soň, haçanda onuň reinkarnasiýa gurluşygy başlananda awtobus syýahatyny tamamlady.

GM Futurliner – geçmişden geljege serediş

Adyndan görnüşi ýaly, GM Futurliner geljegiň transportynyň wekillerinden biridir. Onuň daşky keşbi örän üýtgeşik. Awtobus syýahat etmek üçin ähli amatlyklary bolan: ruluň gidro güýçlendirisi, kondisioner, göwrümi 5000sm3 bolan güýçli hereketlendiriji. Awtobusyň dizaýny sungat eserine meňzeýär.

Viberti Golden Dolphin

Italýan önümi “Altyn delfin” 1956-njy ýylda Ženewada awtoulag sergisinde uly täsir galdyrdy. Ýogsa näme, o wagtlar muňa meňzeş hiç zat ýokdy. Awtobusyň diňe bir delfine meňzeýän görnüşi däl, eýsem kabinanyň tehniki enjamla şdyrylmagy hem haýran galdyrýardy. Oturgyçlar howpsuzlyk kemerli, her oturgyjyň üstünde aýratyn wentilýator, hajathana, aşhana-bar burçy, şeýle hem radio diňlemek mümkinçiligi bolupdyr.

Citroen U55 Cityrama Currus – iň oňat syhaýatçylyk awtobusy

Bu nusganyň taryhy gaty gyzykly, onuň adyna garamazdan awtobusyň önümçiligi bilen Citroen däl-de Parižde ýerli Currus kuzow atelýesi. Onda Citroen U55 ulagyndan diňe şassi bar. Awtobus köpçülikleýin önümçilige gitmedi, ýöne öndürilen birnäçe modeller 1950-nji ýylyň ortalarynda uzak wagtlap Parižyň esasy ekskursion marşrutyna hyzmat etdi. Awtobus diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem özüniň amatlylygy bilen şäher ilatyny we myhmanlary haýran galdyrýardy. Ol iň amatly syýahatçylyk awtobusydy. Ýekeje kemçiligi, ol hem bilet bahasy ýönekeý adamlar üçin gaty ýokarydy.

AEC Routemaster – Angliýanyň gyzyl simwoly

Bu awtobus Beýik Britaniýanyň medeniýetiniň iň tanalýan elementleriniň birine öwrülen we Londonyň ýaşaýjylarynyň şeýle hem myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan. Onuň gapylary ýok. Ýolagçylar arkasyndaky açyk platformadan münüp düşýärdiler. Şäher awtobusynyň önümçiligi bilen 1954-nji ýyldan 1968-nji ýyla çenli AEC London kompaniýasy meşgullanypdyr. Awtobusyň liniýa iň soňky çykyşy 2005-nji ýylyň 9-njy dekabrynda boldy. Beýik Britaniýanyň rowaýata öwürlen awtobusy bilen hoşlamak üçin müňlerçe adam çykdy.

ZiS-127 – SSSR-iň birinji halkara awtobusy

Modeliň üýtgeşik bir aýratynlyklary ýokdy, ýöne bu Sowet önümçiliginiň ilkinji şäherara awtobusydy. Onuň üýtgeşik daşky keşbi üçin adamlar oňa tizligi we amatlylygy üçin “Reaktiw”, “Ýollaryň şasy” lakamlary berdiler. 1955-nji ýyldan 1961-nji ýyla çenli öndürilen seriýaly awtobuslar, we Moskwadan Leningrad, Simferopol, Minsk, Riga we ş.m. uzak aralykdaky marşrutlara hyzmat edýänler ahyrynda hasapdan çykaryldy. Munuň esasy sebäbi, Sowet Soýuzynyň ýol hereketi baradaky halkara konwensiýasyna goşulmagy boldy (ZIL-127 bellenilen 2500mm-den 180mm çenli has giňdi). Ýene-de başga kynçylyklar bardy, ýöne olary çözmegiň ýerine döwlet meýilnamalaşdyryş topary taslamany ýapmak we özleriniň şäherara ulaglaryny ösdürmegini bes etmegi makul bildi. Bu ýeri wenger kompaniýasy Ikarus derrew eýeledi.

LAZ Ukraina 1 – sowet kinosynyň gahrymany

Bu ýokary amatlyklary bolan halkara gatnawlar üçin niýetlenen eksperimental awtobusdy, we ol şol döwürleriň seriýaly modellerinden gaty tapawutlanýardy (1961 ýyl). 36 sany rahat, uçar görnüşli oturgyçlar, panoramik aýnalar, bufetiň we stýuardessanyň bolmagy, pnewmo asgyçly şassi, ruluň gidro güýçlendirisi we başgalar. Bu model synag meýilnamasynyň çäginden çykmady, ýöne ol Lwow awtobuslarynyň stiline gurluşygyna äheň berdi.

Bonus: ideal ekskursiýalar üçin amfibiýa-awtobuslar

Bu awtobuslar geçmişden däl, olar ýer togalagynyň dürli ýerlerinde işjeň işleýärler. Daş keşbi, ýolagçylar üçin salony, enjamlaşdyrylmasy taýdan klassiki syýahatçylyk modellerinden tapawutlanmaýar. Ýekeje tapawudy, ol hem motor gaýyklardaky ýaly öňündäki uly eňňidi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ajap Rejepowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.