Haýwanat dünýäsi mydama özüniň geň galdyryjy täsinlikleri, biri-birinden täsin görnüşleri bilen dünýämiziň bezegi bolup durýar. Şeýle täsinlikleriň ýene biri – Keniýanyň Masai Mara milli seýilgähinde dünýä inen üýtgeşik öwüşginli zebradyr. Syýahatçylaryň ýüzlerçesi her gün diýen ýaly ýer ýüzünde örän seýrek bu geň enaýy taýçanagy görmäge gelýärler.

Geň galdyryjy ýeri hem mutasiýa netijesinde emele gelen bu adaty bolmadyk öwüşginli taýçanagyň ene-atasynyň hem adaty zebra bolmagydyr. Aýtmaklaryna görä, onuň bu üýtgeşik öwüşginli tüý örtügi genetiki kadadan çykma (anomaliýa) bilen baglanyşykly bolup, ýagny reňk beriji pigment bolan melaniniň artykmaç toplanmagy netijesinde tüýüniň reňklenmesi esasynda döräpdir diýip çaklanylýar. Taýçanagyň guýrugy hem adaty zebranyňkydan tapawutlylykda gysga hem-de tüýsüzdir. Şeýlelik bilen bu üýtgeşik hem-de seýrek taýçanak yzgider syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

     Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.