Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Burnebitgazhyzmat” bazasynyň sorujy-gysyjy turba abatlaýyş bölüminiň çäginde ýük kran hyzmatlaryny bermek üçin bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Basleşige gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bolar.

Oňa gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 6-43-66.

Salgysy: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, T.Satylowa köçesi, 150/59

Elektron salgysy: b.halilulin@mail.ru;