Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Altyn kölüň kenarynda dynç alyş zolagynda gurulmaly desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.
- Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda:
— 10 sany döwrebap kottejler toplumy;
— söwda we hyzmat ediş merkezi.
- Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda:
— baş dolandyryş binasy;
— 2 sany seýilgäh;
— medeni çäreler geçirilýän ýer;
— 2 sany 500 orunlyk awtoduralga we seýilgäh.
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmagynda:
— polisiýa we ýangyn howpsuzlyk bölüminiň edara binasy.
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda:
— saglyk öýi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36; 44-46-64; 44-46-77.