Şu ýyl çykmagyna garaşylýan «Apple» kompaniýasynyň täze modeli bolan «iPhone SE» barada käbir maglumatlar köpçülige ýetirildi. Metbugat habarlarynda «iPhone SE»  akylly telefonlarynyň 3-nji nesli bolan «iPhone SE 3» akylly telefonynyň aprel aýynda hödürlenjekdigi mälim edilýär.

«Apple» kompaniýasynyň birnäçe aý bäri üstünde işleýän hemmeler üçin elýeterli «iPhone SE» modeli geçen ýylyň aprel aýynda resmi taýdan hödürlenip, satuwda gowy görkezijileri gazandy.

“Apple» kompaniýasynyň döwrüň şertlerine görä elýeterli bahadan satmagy maksat edinýän täze modeliň «iPhone SE Plus» ýa-da «iPhone SE 3» adyna gelmegine garaşylýar.

Şeýle hem telefonyň dizaýny «iPhone 8 Plus»-a meňzejekdigi we öňki modelinden has uly ekrany (6.06 dýuým) goldajakdygy aýdylýar.