Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi Kia täsirli sergi bilen täze nyşanyny yglan etdi. Ýylyň ilkinji hepdesinde «Kia» kompaniýasy täze nyşanyny Günorta Koreýanyň Inçon şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň hataryna goşdy we marka şygary hökmünde «ylham beriji hereket» sözlerini saýlady.

«Täze nyşanymyz önümlerde üýtgeşmeleriň we innowasiýalaryň barha kämilleşdirilýändigini görkezýär. Awtoulag pudagy çalt üýtgeşmeleri başdan geçirýär» — diýip, «Kia»-nyň baş direktory Ho Son Son belläp geçdi.

Günorta Koreýanyň öndürijisiniň täze nyşany özboluşly waka bilen tanadyldy. Günorta Koreýanyň Inçon şäherinde uçup barýan pilotsyz uçar (dron) feýerwerkiň kömegi bilen «Kia»-nyň täze nyşanyny asmanda görkezdi.