Ýer ýüzünde arçanyň elliden gowrak görnüşi bar.

***
Ilkinji bezelen Täze ýyl arçasy 1510-nji ýylda Latwiýanyň paýtagty Rigada döräpdir.
Täze ýyl arçasyny elektrik çyralar bilen bezemek pikiri ilkinji gezek lampany oýlap tapyjy Tomas Edisonyň okuwçysy Edward Johnson tarapyndan 1882-nji ýylda öňe sürülýär. Onuň senagat önümçiligi 1890-njy ýylda başlanýar.

***
Iň köp çyraly arça 2010-njy ýylda Belgiýada ýakylýar. Onuň 194 müň 672 sany çyrasy bolupdyr.

***
Ilkinji emeli arça 19-njy asyrda Germaniýada, gaz ýeleklerini reňkläp ulanmak arkaly ýasalypdyr.

***
Adaty öýüň içinde bezär ýaly arçanyň ösüp ýetişmegi üçin ortaça ýedi ýyl gerek bolýar.
Ilkinji täze ýyl arçalary ir-iýmişler, süýji-köke ýaly zatlar bilen bezelipdir.

***
Täze ýyl arçasyny bezemek üçin ulanylýan jäjekler ilkinji gezek 17-nji asyryň başlarynda Germaniýada öndürilipdir.

***
Her ýyl 100 müň töweregi adam Täze ýyl arçasy senagatynda ýarym we doly iş çalşygynda zähmet çekýärler.

***
Arça ösmeýän ýurtlaryň ýaşaýjylary Täze ýyl arçasy hökmünde, ýaşyl öwüsýän başga ösümlikleri ulanýarlar. Mysal üçin, Afrikada ýerleşýän Uganda ýurdunda köplenç palma, Hindistanda banan, mango ýaly agaçlar Täze ýyl “arçalary” hökmünde bezelýär.