Hany, geçiň giň saçagyň başyna!
Bäş minut galypdyr onki bolmana.
Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,
Sarpa goýdyk bereketli ummana.
***
Döz geldik tupandyr tüweleýlere,
Guran binamyza söýenýär asman.
Görenler diýerler: «Baý tüweleme!»
Haýran galar rowaýaty gahryman.
***
Meň, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok,
Şatlyk hem bagtymyň öňküsem ýeter.
Gussa-gaýgym bolmasyn-a diýemok,
Ýöne köp bolmasyn öňküden beter.
***
Dostlarym ýyl-ýyldan azalyp gelýär,
Hemmäniň ýagdaýam bolmaly şeýle.
Doganymça bolsa, diýmek dostum däl,
Dogandanam eziz ýeke dost saýla.
***
Öz ýerinde bolsun ýagmyrdyr duman,
Öz ýerinde tomus bolsun, ýaz bolsun.
Toý gününde oturşykda oturan
Daş çykanda
Oň gybaty az bolsun.
***
Agşamara işden gaýdyp geliner,
Şonda öýde çäýnek-käse döwülsin.
Sögünmesin onuň üçin gelinler,
Onuň üçin çagalarmyz söýülsin.
***
Soňky sözüm: onki jaňyn kakanda,
Täze ýyl, ýoluňa sepilsin güller.
Men näm bolsam şo bolaýyn jahanda,
Saňa nesip etsin ajaýyp günler!

Gurbannazar Ezizow.
1970.