«Volvo» elektrik awtoulag ägirtleriniň hataryna goşuljakdygyny mälim etdi. «Volvo» 2030-njy ýyldan başlap diňe elektrik ulaglaryny öndürjekdigini habar berdi. «Volvo» tarapyndan berlen beýanatda markanyň satuwynyň ýarysynyň 2025-nji ýyla çenli elektrik awtoulaglary boljakdygy bellenildi.

«Volvo» täze awtoulag neslini döreder we olaryň hemmesi ýakyn ýyllarda diňe onlaýn satylar. Kompaniýa ýakynda ikinji doly elektrik modeli bolan «C40» awtoulagyny tanyşdyrar.

Geçen aý «Ford», «Jaguar Land Rover» we «Porsche» ýaly öndürijiler geljekdäki meýilnamalarynyň elektrik awtoulaglarydygyny mälim etdiler. Beýleki tarapdan, «Volkswagen»-iň ýolbaşçylygyndaky kaşaň awtoulag öndürijisi «Bentley» 2030-njy ýyla çenli diňe elektrikli awtoulag öndürjekdigini mälim etdi.