Ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary güýzlük bugdaýyň ekişiniň tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu möwsümde 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji awgustynda bolan mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2021-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy

Geljek ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Ekinleriň häzirki ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermeginden ruhlanan edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bu borçnamalaryň ýene-de üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]