Şahyryň ömür ýoly.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyň eýesi, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Aman Kekilow Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Köşi obasynda daýhan maşgalasyndan eneden dogulýar.

Ýaşlygyndan ýetim galan Aman uly agasy Şalynyň elinde terbiýelenýär. Garyp doganlar esli wagtlap ýetimligiň, ýeter-ýetmezligiň ejirini çekýärler. Aman 1922-nji ýylda Aşgabat şäherindäki internata okuwa girýär. Şundan soň onuň durmuşynda täze sahypa açylýar. Ol okamagyň ymykly dowam etdirýär. 1924-nji ýylda internaty gutarandan soň, Aşgabat şäherindäki pedagogik tehnikuma kabul edilýär. Ol entek tehnikumy gutarmanka, “Pioner” žurnalynyň redaksiýasynda işläp başlaýar. Tehnikumy gutarandan soň žurnalyň redaksiýasynda bir ýyl işleýär, soňra öz tamamlan tehnikumynda mugallymçylyk edýär. Bilimini artdyrmak höwesi ony ýene-de öz erkine goýmaýar. Ol 1931-1935-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylmy-pedagogik institutda, 1935-1939-njy ýyllarda Moskwadaky Taryh, filosofiýa we edebiýat institutynda okaýar.

Aman ýokary bilimi alansoň, aspirantura girýär. Ol 1943-nji ýylda dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty, 1959-njy ýylda dil-edebiýat ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine eýe bolýar. A. Kekilow ençeme ýyl ýokary okuw mekdeplerinde, soň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işleýär. Ol «Söz sungaty», «Edebiýat teoriýasy» ýaly ylmy we okuw kitaplarynyň awtorydyr.

Alym, şahyr, dramaturg, edebiýat tankytçysy Aman Kekilow 1974-nji ýylda aradan çykdy.

Şahyryň şygyrlary.

A. Kekilowda edebiýata, çeper söze bolan höwes ir wagtdan başlanýar. Edebiýata, çeper söze bolan çäksiz söýgi tebigy zehin ýaş Amanda goşgy ýazmaga ymtylyş döredýär. 1928-nji ýylyň 18-nji maýynda «Türkmenistan» gazetinde onuň «Oba mugallymlaryna» atly ilkinji goşgusy peýda bolýar.

Döredijilik işine ilki basa döwürlerinde A. Kekilow çagalar durmuşyna köp üns berýär. Şonuň netijesinde ol çagalar üçin «Oglanlar hem kitap», «Guşlar», «Haýwanlary çagyrmak» we beýleki şygyrlaryny döredýär. Ol goşgular uzak ýyllaryň dowamynda okuw kitaplarynyň sahypalaryndan düşmeýär. A. Kekilow döredijiliginiň ilkinji ädimlerinden başlap halky ylymly-bilimli etmek meselesine aýratyn üns berýär.

Aman Kekilow «Kawkaz» goşgusynda Kawkazyň jana şypa beriji gözel tebigatyny, gülli-gülälekli baglaryny, çeşmedir çaýlaryny, ajaýyp görküni uly joşgun bilen suratlandyrýar.

Şahyryň poemalary.

A. Kekilowyň iri eserleriniň biri-de «Öňe» poemasydyr. Bu poemada oba durmuşyndan söz açylýar. Şahyr 1940-njy ýylda halk ertekileriniň esasynda «Çopan we patyşa», «Küýze we tilki» poemalaryny ýazdy.

«Söýgi» romany

Goşgy bilen ýazylan «Söýgi» romany A. Kekilowa uly şöhratlyk getirdi. Bu eser diňe bir şahyryň özüne däl, eýsem, tutuş türkmen şygryýetiniň hem gazanan uly üstünlikleriniň biri boldy.

Adyndan belli bolşy ýaly, bu roman söýgi meselesine bagyşlanýar. Söýgi çeper döredijiligiň baky temasydyr. Şahyr bu müdimilik meseläni ençeme adamyň keşplerini, çuňňur watançylyk duýgularyny açyp görkezmäge hyzmat edipdir.

Romanyň gahrymanlary.

«Söýgi» romanynda, esasan, üç sany ýaş ynsan baş gahryman hökmünde hereket edýär. Eserde olaryň ykballary, durmuş ýollary töwerekleýin suratlandyrylýar. Muny şahyryň:

Üç sany ýaş ynsan baş gahrymanym,

Olara bagş etdim men bu dessanym —

diýen sözleri-de tassyklaýar. Ol gahrymanlar Ogulnabat, Begenç hem-de Akmyratdyr.

Bellik: Makala umumy orta bilim berýän mekdepleriň türkmen edebiýaty  kitaby esasynda taýýarlanyldy.

Şahsyýetler sahypamyzdaky makalalary aşakdaky «hatlara» basyp okap bilersiňiz!

  1. Nury Halmämmedow: Sungatdan söz açyp
  2. Maýa Kulyýewa — türkmeniň şeýda bilbili
  3. Şahyr Gara Seýitliýewi ýagşylykda ýatlap
  4. Nurmyrat Saryhanow (1906-1944)
  5. Beki Seýtäkow (1914-1979)
  6. Gurbandurdy Gurbansähedow (1919-1992)
  7. Berdi Kerbabaýew (1894-1974)
  8. Kerim Gurbannepesow — hazynaly halypa
  9. Gurbannazar Ezizow — zehinli şahyr
  10. Hydyr Derýaýew (1905-1988)
  11. Ata Atajanow (1922-1989)
  12. Ata Gowşudow (1903-1953)
  13. Mämmet Seýidow (1925-1992)
[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]