Koronawirus epidemiýasy sebäpli «Apple» kompaniýasy epidemiýanyň ilkinji aýlarynda dünýädäki ähli dükanlaryny ýapmak kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, indi kompaniýa ýagdaýlaryň dünýä derejesinde kadalaşmagy netijesinde wagtlaýynça ýapan dükanlaryny gaýtadan açyp başlady.

Häzirki wagtda «Apple» kompaniýasy ABŞ-daky 270 dükany gaýtadan açandygyny yglan etdi. Emma muňa garamazdan kompaniýanyň Fransiýadadaky 12, Braziliýadaky 2, Hytaýdaky dükanlary wagtlaýynça ýapyk galar. Häzirki wagtda «iPhone» modellerine bolan islegiň artmagy netijesinde kompaniýanyň hünärmenleri nobatdaky modeliň üstünde birnäçe işleri üstünlikli alyp barýarlar. Ýeri gelende belläp geçsek, indi birnäçe ýyl bäri «Apple» dünýäniň iň gymmat markalarynyň arasynda hem ilkinjileriň hatarynda durýar.