Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyny guramaçylyk hem-de ýokary derejede geçirmek babatda degişli Karara gol çekildi. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  internet saýtynda aýdylýar. 

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen hökümet topary düzüldi we geçiriljek çäreleriň hem-de dabaralaryň meýilnamasy tassyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyny uly guramaçylyk derejesinde belläp geçmek babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň gününde, ýagny 25-nji maýda paýtagtymyzdaky awtobus gatnawlarynyň mugt bolmalydygyny belläp, şol gün dünýä inen ýaş bäbekler üçin hem olaryň durmuşynda hem ýatdan çykmajak wakalar beslenmelidigini belledi.

25-nji maýda dünýä inen ilkinji bäbege oglan bolsa Paýtagt, gyz bolsa Merjen ýa-da Maýa diýen atlaryň dakylmagynyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellän milli Liderimiz dünýä inen bäbekleriň maşgalalaryna sowgatlaryň gowşurylmagyny belledi.