Iňlis elektrik awtoulag öndürijisi “Arrival” Angliýanyň iň uly transport üpjün edijilerinden biri bolan “First Bus” bilen bilelikde güýzde elektrik awtobuslaryň synaglaryna başlajakdygyny habar berdi.

Synaglarda “Arrival” kompaniýasynyň awtobuslary ähli ýolagçylar üçin täze we kämilleşdirilen jemgyýetçilik transport tejribesini döreder.

Angliýadaky awtobus parkynyň 2035-nji ýyla çenli zyňyndysyz awtobus  üpjün etjekdigini aýdan “First Bus”, 2022-nji ýylyň dekabryndan soň dizel awtobuslaryny satyn almazlyga başlamajakdygyny aýdýar.

Angliýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Angliýanyň hökümetiniň takmynan 16,8 milliard dollar goldawy 250,000 iş ýerini döretjek “ýaşyl ykdysadyýeti” goldamak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Premýer-ministr 2030-njy ýyla çenli hususy pudagyň üç esse ösmegine goşant goşjakdygyny mälim etdi.