Soňky ýyllarda elektrik awtoulaglaryna bolan gyzyklanma günsaýyn artanda, dürli dizaýnly ulaglara-da duş gelýäris. Bu ulaglaryň biri ABŞ-nyň awtoulag kompaniýasy «Aptera Motors»-a degişlidir.

«Aptera Motors» kompaniýasy üç tigirli we gün energiýasy bilen işleýän elektrikli awtoulag üçin köpçülikleýin önümçilige başlandygyny habar berdi. Kompaniýa ulagyň sagatda 100 kilometre 3,5 sekuntda ýetendigini mälim etdi.

Ulagyň 25 müň 900 amerikan dollary bahasy bilen satuwa çykaryljakdygy we üstünde 3 inedördül metr gün panelleriniň bardygy habar berildi.

Beýleki tarapdan, ulagyň iň ýokary tizliginiň sagatda 180 kilometre ýetýändigi aýdylýar. Mundan başga-da, ulagdaky batareýanyň 1609 kilometre çenli ulanylyp bilinjekdigi mälim edildi.