Köp sanly sport muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Russiýanyň dagystanly çempiony Habib Nurmagomedow sportuň başa baş göreş ugrundaky karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi — diýlip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda aýdylýar. Ol muny özüniň iň soňky hem-de ýeňiş bilen tamamlan tutluşygyndan soňra belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, sportuň garyşyk söweş ugru boýunça UFC ýaryşlaryndan ýeňil agramda çykyş edýän Habib Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen tutluşygynda amerikaly Jastin Getžini 2-nji raundda ýeňmegi başardy.

32 ýaşly türgen geçiren 29 tutluşygynda hem ýeňiş gazandy. Habib bu tutluşykdan soňra beren beýanatynda işjeň sport karýerasyny tamamlajakdygyny belledi.

– Hemmeler köp sag bolsun aýdýaryn. 2008-nji ýylda bu sporta baş goýdum. 2012-nji ýylda ilkinji tutluşygyny geçirdim. UFC ýaryşlarynyň ýolbaşçylary maňa ynam bildirdi. Men Dagystanyň adaty daglyk obasynyň oglany. Doganym maňa “Google” saýtynda häzirki wagtda dünýäde iň köp pikir alyşylýan adam bolandygymy belledi. Men muňa ynanyp bilmedim. Men muny kelläme hem getirip bilmedim. Men diňe kakam bilen bu sporta başladym we çempionlyk ädimlerini ätdim. Hemme zadyň şunuň ýaly egnime düşüp biljekdigini bilmeýärdim. Eger siziň ene-ataňyz bar bolsa, onda olaryň ýanynda boluň. Meniň diňe bir hossarym galdy – ol hem ejem. Men oňa has köp wagt aýyrmagy isleýärin – diýip, belledi.

Habibiň bu tutluşygy onuň kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykandan soňra ilkinji tutluşygy boldy. Abdulmanap Nurmagomedow Russiýanyň at gazanan tälimçisi. Ol şu ýylyň iýul aýynda aradan çykypdy.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]