Gün-günden ösýän elektrik awtoulag bazary dürli pudaklardaky ägirt kompaniýalaryň islegini kanagatlandyrýar. Hytaýyň tehnologiýa ägirdi «Huawei»-iň hem “Apple” -den soň elektrik ulagynda işleýändigi mälim edildi. «Huawei» öz markasy bilen elektrikli awtoulag öndürmäge taýynlanýar diýip, «Roýter» habar gullygy belläp geçýär.

Habarda mäleim bolşy ýaly, Hytaýyň awtoulag öndürijisi «Changan Automobile» we beýleki birnäçe öndürijiler bilen elektrik awtoulagy üçin önümçilik desgalaryny ulanmak barada gepleşikler alnyp barylýar. «Huawei» kompaniýasy birnäçe ýyl bäri elektrik awtoulaglary üçin dürli tehnologiýalary ösdürýär.