Birnäçe hepdäniň içinde ýagny şu ýylyň aprel aýynda «Huawei» kompaniýasynyň hyzmatdaşlykda döreden awtoulagy ýollara çykarar. Bu awtoulag «Huawei» markaly awtoulag bolmaz. Çünki «Huawei» kompaniýasynyň awtoulag döretmeýändigi hemmelere mälim. Ýöne kompaniýa aawtoulag öndürijilerine gowy awtoulag öndürmekleri üçin kömek etmegi maksat edinýändigini mälim etdi. «BAIC Blue Valley» kompaniýasy we «Huawei» bilen bilelikde «ARCFOX HBT» modelini bilelikde hödürlär. Bu önüm 2021-nji ýylyň aprelinde Şanhaý awtoulag sergisine çykar. Täze «ARCFOX HBT» modeli «Huawei» kompaniýasynyň akylly awtoulag çözgüdi bilen enjamlaşdyrylandyr.