Günlerde bir gün Gyzylderilileriň serdary garry goja, agtygy bilen külbesiniň öňünde basalaşýan itlerine syn edip otyrdylar. Gojanyň agtygy on bir, on iki ýaşlaryndady. Ol özüni bileli bäri atasynyň itleriniň urşuna syn edýärdi. Goja iki itine hem oňat ideg edýärdi, olary ýanyndan aýranokdy. Oglanjyk külbäni goramak üçin bir itiň ýeterlikdigi barada pikir ýöredýär. Hem-de atasyndan näme üçin olaryň ak we gara reňkdedigini soraýar. Goja agtyjagynyň bilesigeliji gözlerine mähirli seredip şeýle jogap berýär:

— Olar meniň üçin iki sany nyşanyň alamaty. Gowulygyň we erbetligiň. Olary synladygymça gowulygyň we erbetligiň hem edil şolar ýaly, mydama basdaşlykda bolýany hakda pikir edýän. Şol sebäpli olary hemişe ýanymda saklaýan.

Oglanjyk öz ýanyndan bäsdeşlik bar ýerde ýeňiji hem bolaýmaly diýip pikir etdi we atasyna: “Siziň pikiriňizçe bu basdaşlykda olaryň haýsy ýeňiş gazanar?!”

— Men olaryň haýsyna has gowy ideg etsem, şol  beýlekisinden üstün çykar — diýip goja jogap berdi.