Smartfonlarda kameralar, linzalar, ekranlar we ykjam enjamlar üçin şekiliň hiline baha berýän gurama hasaplanýan «DxOMark» iň gowy ekrana eýe bolan smartfonlaryň sanawyny täzeledi.

Geçirilen barlaglara görä, ýanwar aýynda hödürlenen «Samsung Galaxy S21» seriýasynyň iň güýçli «S21 Ultra» modeli 91 utuk bilen iň ýokary netije görkezdi. Ondan soňra sanawda «Galaxy Note 20 Ultra» ýer almagy başardy.

«Samsung Galaxy S21» modeliň ekranynyň ölçegi 6,8 dýuýma barabardyr. Onuň ölçegleri 165.1 x 75,6 x 8,9 mm deňdir.Täzeleniş tizligi bolsa 120 Hz barabar.

12 GB / 16 GB RAM we 128 GB / 256 GB / 512 GB içki ýat görnüşleri bolan telefonda 5 W çalt, 15 W simsiz we 4,5 W ters zarýad beriş goldawy bilen 5000 mAh akkumulýator bar.