“Omdia” analitik kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gelnen netijelere görä, 2020-nji ýylyň ahyrynda iň köp satylan smartfonlar “Apple” kompaniýasynyň “iPhone” modelleri boldy.

“Apple” kompaniýasynyň önümleri dünýäde iň meşhur on smartfonyň ýarysyny eýelemegi başardy. “iPhone 11” 64,8 million sanysy satylyp ilkinji orny eýeledi. 24,2 million sany “iPhone SE” modeli satylyp ikinji ýeri eýeledi. Üçünjisi täze “iPhone 12” bolmagy başardy. Şunuň bilen bir hatarda bu model 23,3 million sanysy satyldy. “Android” smartfonlary diňe dördünji orunda barýar. Bu bolsa, “Samsung Galaxy A51” bolup, bu model 23,2 million sanysy satyldy.

2020-nji ýylyň ahyrynda iň meşhur on smartfon iki dürli smartfon ýagny Redmi Note 9 Pro (15 million) we iPhone 12 mini (14,5 million) bilen tamamlanýar. Analitikleriň çaklamalaryna garamazdan iň soňky smartfon, alyjylaryň arasynda islegiň ýokarydygy ýüze çykdy.

Iň meşhur smartfonlaryň ilkinji onlugynyň satylan sany bilen hasabaty aşakdakylardan ybarat.

  1. iPhone 11 – 64.8 mln
  2. iPhone SE (2020) – 24.2 mln
  3. iPhone 12 – 23.3 mln
  4. Galaxy A51 – 23.2 mln
  5. Galaxy A21s – 19.4 mln
  6. Galaxy A01 – 16.9 mln
  7. iPhone 12 Pro Max – 16.8 mln
  8. Galaxy A11 – 15.3 mln
  9. Redmi Note 9 Pro – 15 mln
  10. iPhone 12 mini – 14.8 mln