Programma üpjünçiligi kompaniýasy bolan «AiFi» Hytaýyň iň uly şäherlerinden biri bolan Şanhaýda dünýäniň iň uly töleg kassasy bolmadyk marketini döretdi. Takmynan 370 inedördül metrlik dükanda müşderiler kassa barmazdan dükana çykyp bilmegi üçin 200 akylly kamera ulanýar. Dükanda müşderiler tarapyndan satyn alnan önümler kameralar bilen awtomatiki kesgitlenýär we akylly sebete geçirilýär. Soňra bolsa, önümiň bahasy, müşderi hiç zat etmezden kesgitlenen hasabyň galyndysyndan programma arkaly hasaplaşyk işleri ýerine ýetirilýär. Müşderiler dükandan çykanda, programma arkaly olara sanly kwitansiýa iberilýär.

Häzirki wagtda ähli ugurlarda diýen ýaly ulanylýan emeli aň tehnologiýalary häzirki wagtda töleg kassasy bolmadyk marketleride ulanylyp başlandy. Mysal üçin, «Amazon» kompaniýasy köp sebitlerde «Amazon Go» atly marketleri hyzmatlary bilen hödürleýär.

Hünärmenler koronawirus pandemiýasy wagtynda awtonom söwda bilen gyzyklanmanyň artandygyny, sebäbi kassir bilen aragatnaşygyň öňüni alýandygyny we uzak nobatyň emele gelmegini saklaýandygyny aýdýarlar.