Küşt gadymy akyl-paýhas oýnudyr. Taryhy maglumatlara görä küşt oýny 2000 ýyl mundan öň Hindistanda dörän diýip hasap edilýär. Ençe asyrlardan bäri öz gymmatyny ýitirmäni gelýän bu oýun ilki şalar tarapyndan oýnalyp, uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Taryhy maglumatlary hakynda giňişleýin maglumatlary Al-Birunynyň «Hindistan» atly kitabynda hekaýalaryň üsti bilen giňişleýin beýan edilýär.

Häzirki wagtda küşt oýny sportuň köpçülikleýin we meşhur görnüşleriniň birine öwrülip, dünýäde resmi çempionatlar, yklymara ýaryşlar, Halkara ýaryşlar giňden geçirilýär. Küşt oýnyna diňe bir sport däl, eýsem oňa ylym hökmünde hem garalýar.

 

 

Küşt oýnunyň düzgünleri

 

Küşt oýnunyň içki düzgünleri uruş, söweş ýaly alnyp barylýar. Ýagny, Şanyň, weziriň, köşkleriň, atly goşunyň, pyýada goşunyň, her tarapyň öz serhediniň, çäginiň bolmagy, garşydaşlaryň biri-birinden artykmaçlyk gazanmak we üstün çykmak meýli oýnuň esasy maksadynyň bolmagyndan gelip çykýar.

Küşt oýny 32 sany «şahsdan» ybarat: 16 ak we 16 gara. Olara küşt oýnunyň «mallary» diýilýär.

Oýun esasy iki wezipäni ýerine ýetirmek bilen alnyp barylýar: öz şasyny goramak we garşydaşyň şasyna hüjüm etmek, ýatyrmak.

Küşt tagtasy geometriki şekili (gurluşly) bolup, 64 inedördül öýjüklerden ybarat: 32 ak we 32 gara. 8 sany keseligine gorizontal (1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8) we 8 sany dikligine wertikal (a, b, c, d, e, f, g, h) boýunça ak we gara öýjükler gezekleşip ýerleşendir. Mundan başga-da diňe ak  ýa-da gara öýjüklerden düzülen diogonallar bar.

Sport hem-de ylym hökmünde meşhurlyk gazanan küşt oýny adam saglygyna, aýratynam aň derejesiniň ösmegine ýardam edýär. Küşt oýny adamyň pikirleniş, maksadaokgunlylyk, sabyrlylyk ýaly häsiýetlerini terbiýeleýär we ösdürýär. Şonuň üçin küşt oýnuna çagalykdan başlanylýar. Çünki her bir perzent ýaşlygyndan durmuş ýoluny kesgitlemäge ukyply bolsa, onuň geljeginde bökdençli, kösençli ýollary bolmaýar, bolaýanda-da aňsatlyk we akylly-başly baş alyp çykmagy başarýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler ýa-da adaty raýatlar haýsy kärde bolsalarda işini başarýan we dogry çözgüt tapýan ynsanlar bolup ýetişýärler.

Hormatly saýtymyzyň okyjylary sport ýa-da ylym hökmünde garaň parhy ýok, egerde küşt oýnuna höwesiňiz bar bolsa howlugyň, küşt tagtasy size garaşýar. Durmuş göçümiňizde azaşmaň we ýalňyşmaň, küşt tagtasynyň üstündäki ŞA size durmuşyňyzyň ŞASY bolmaga kömek eder.

Bulary hem okaň:

“Futzalyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Futzal” ýazga basyň!

Futzal

“Gimnastikanyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Gimnastika” ýazga basyň!

Gimnastika

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw meýilnamalarynyň sanawynda bar bolan sport görnüşleri barada gysgaça tanyşmak isleseňiz aşakdaky hata basyň!

Siz haýsy sporty söýýarsiňiz?