Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mämmetmyrat Mämmetmyradow «Zehinlije» atly ykjam goşundysyny taýýarlady. Bu barada «Nesil» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

«Android studio» programmasynda döredilen bu taslama üç ýaşdan ýokary mekdebe çenli çagalara niýetlenip, olaryň mekdebe taýýarlyk ukyplaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

«Zehinlijede» dürli görnüşli matematiki sowallar bolup, olar ýönekeý derejeden başlanýar we gitdigiçe çylşyrymlaşýar.

Bu öwrediji taslama doly tamamlanansoň, ony «Play Market» internet dükanyndan ýükläp alyp bolar.

«Meniň mekdep ýaşyna ýeten jigim bar. Oňa nämedir bir zady öwretmekçi bolanymda, hemişe kynçylyk çekýärdim. Sebäbi häzirki çagalaryň bar güýmenjesi telefondyr planşet-dä. Onsoň, islendik çaganyň smartfonda oýun oýnamaga güýmenende, peýdaly bir zada wagt sarp etmegini isläp, öz öwrediji programmamy ýasamak hakda oýlandym» diýip, «Zehinlijäniň» awtory Mämmetmyrat gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.