Ispaniýanyň «La Liga» çempionatynyň 25-nji hepdesinde «Barselona» «Sewilýany» 2-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşykda 1 pökgi we 1 assist geçiren Lionel Messi oýnuň ýyldyzy boldy. Katalon topary, 29-njy minutda Dembeleniň, 85-nji minutda bolsa Messiniň gollary bilen ýeňiş gazandy. «Barselona» ligadaky soňky 10 oýunda 9-njy ýeňşini gazandy. «Barselona» ligadaky utugy 53-e barabar bolup, «Atletiko Madrid» toparyndan soňra ikinji ýerde barýar. Hasaba görä, «Sewilýa» 48 utuk bilen barýarş.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri bolsa, argentinaly ýyldyz oýunçy Messi çempionatda iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda 19 gol bilen ilkinji orunda durýar. Ondan soňra Katalon toparynyň öňki hüjümçisi Suaresden üç gol aratapawut açdy. Suares 16 gol salmak bilen ikinji orunda durýar. Messi «La Liga» çempionatynda soňky alty oýunda 8 gol salmagy başardy.