1971-nji ýylda bolsa türkmen milli göreşi boýunça «Sport ussady» diýen sport derejesi girizildi. Bu sport derejesine Türkmenistanyň iki gezek ýeňijisi bolmagy başaran pälwanlar mynasyp bolýarlar. 1992‑nji ýylda türkmen milli göreşi boýunça Aşgabat şäherinde Halkara ýaryşy geçirildi. Bu halkara ýaryşyna Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Demirgazyk Kawkazdan, Täjigistandan, Başgyrdystandan, Tatarystandan we Türkmenistandan güýçli pälwanlar gatnaşyp, türkmen halkynyň milli medeniýeti we milli göreşiniň aýratynlyklary bilen içgin tanyşdylar. Halkara ýaryşyna gatnaşan pälwanlar türkmen pälwanlarynyň göreş ussatlyklaryna ýokary baha berdiler. Bu halkara ýaryşynda türkmen pälwanlary özleriniň artykmaçlyklaryny görkezip, on sany agram derejesinde ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldiler.

Düzgünleri

Türkmen milli göreşinde türkmen milli eşigi bolan gyrmyzy don, ak balak, guşak, düşekçede geýilýän ýörite aýakgap (borsowka) ulanylýar.

Donlar gök hem-de ýaşyl reňkde bolmaly (halkara ýaryşlarynda).

Türkmen milli göreşi guşakdan bir eliňi aýlap tutmak esasynda amala aşyrylýar. Öňler ýaryşlarda 6 minut göreşilýän bolsa, häzir arassa wagt bilen 3 minuta getirildi. Eger pälwanlar 3 minutda ýykylyşmasalar, onda 1 minut dik durma (zahwat) göreşinde göreşýärler, pälwanlaryň iki elleri hem guşakdan aýlanyp tutulyp, elleri jüpje tutulan bolmaly.

Göreş başlanandan soňra haýsy pälwanyň elleriniň arasy açylsa, ýumruk sygsa, ýykyldy hasap edilýär, pälwanlar eger berlen goşmaça 1 minutda ýykylyşmasalar, onda pälwanlaryň agramy çekilýär, haýsy pälwan ýeňil çyksa, şol pälwana ýeňiş berilýär.

Türkmen milli göreşinde düşekçe ýaryş geçirilýän ýer tekiz bolup, onuň üstünden galyňlygy 5 santimetrden ýuka bolmadyk ýörite haly (düşekçe) düşelýär. Halyda içki zonasy we gorag zonasy belgilenilýär. Içki zona ortada ýerleşip, tegelekliginiň diametri 6 –9 metrdir.

Resmi ýaryşlarda tegelegiň diametri 9 metr edilýär. Içki we gorag zonalarynyň arasyny bölýän ýoda «passiw zona» diýilýär we ol içki zonanyň bir bölegi hasaplanylýar. Ol, adatça, gyzyl reňk bilen belgilenilýär. Onuň ini 1 metre barabardyr. Passiw zonanyň yzyndan gorag zonasy gelýär we onuň ini 1,5–2,0 metre deň bolmalydyr. Eminiň stolundan çepki tarap ýaşyl reňk bilen belgilenilýär, sag tarap bolsa gök reňk bilen belgilenilýär. Tutluşygyň eminligi eminleriň topary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Olar şu düzümde bolýarlar: halynyň ýolbaşçysy, arbitr, gapdal emin, emin-hronometrist, tablodaky emin we gatnaşyjylardaky emin.

Toý‑baýramçylyklarda türkmen milli göreşi çägäniň üstünde göreşdirilip gelinýär. Märeke meýdançasy 30 m‑e golaý töwerek görnüşde bolýar, ortada bolsa şol giňlikde çäge ýaýradylýar. Göreşi geçirmek üçin hormatly ýaşululardan, ozal göreşip at goýan pälwanlardan ybarat eminler düzülýär.

Eminler hünärine ökde we örän adalatly adamlar bolmalydyr. Olaryň çözgüdi esasynda ýeňijini kesgitleýärler. Eminleriň sany täk bolmalydyr. Olaryň sany, köplenç, 5 ýa‑da 7 adamdan ybarat bolýar. Käbir uly toýlarda bolsa olaryň sany 9‑a çenli ýetirilýär.

Ortada ýörite jarçy emin bellenilip, ol guşak daňyşmaklaryny, pälwanlaryň el tutmagyny kadalaşdyryp, göreşiň başlanandygyny yglan edip durýar. Haýsy pälwanyň ýeňiş gazanandygy hakynda öz pikirini aýdýar.

Göreş başlamazdan öň toý eýesiniň taýýarlan ujuna pul düwülen ýaglyklaryny, adata görä, dört Çaryýarlaryň hormatyna (Abubekir, Omar, Osman, Aly) seçýärler. Ondan soňra abraýly ýaşulynyň ýolbaşçylygy astynda göreşiň sag-aman tamamlanmagy üçin saglyk dogasy okalýar. Hemme tomaşaçylar muňa goşulýarlar.

Pälwanlaryň ýaş derejeleri

Çagalar: oglanlar 11–13 ýaş;

Ýetginjekler: oglanlar 14–15 ýaş;

Kadetler: ýaşlar 16–17 ýaş;

Ýaşlar: ýuniorlar 18–20 ýaş;

Ulular: erkekler 18 ýaşdan uly;

Weteranlar: erkekler 40 ýaşdan uly.

Pälwanlaryň agram derejeleri

57 kg, 62 kg, 68 kg, 74 kg, 82 kg, 90 kg, 100 kg, +100 kg.

Göreşijilerden biri 2 utuk gazansa, arassa ýeniş diýlip yglan edilýär.

Tutluşyk tamamlanandan soň arbitr halynyň ortasynda durýar, onuň reňkli belgilerine görä göreşijiler öz ýerlerinde arbitre seredip durýarlar. Diňe ýeňiji yglan edilenden soňra ýeňiş gazanan türgeniň eli galdyrylýar. Soňra göreşijiler tomaşaçylara bakyp durýarlar, türgenler elleşýärler we arbitriň rugsady bilen halydan (düşekçeden) çykyp gidýärler.

Mähriban okyjylar sportuň bu görnüşi her biriňize tanyş bolsa gerek. Çünki milli göreş biziň ata-baba toý tomaşalarymyzda toýuň has-da şowhunly bolmagy we türkmen ýigitleriniň gaýduwsyz, güýçli bilekleriniň kuwwatyny görkezmek üçin gurnapdyrlar.

Milli göreş türgende çydamlylygy, ugurtapyjylygy, güýçlüligi  terbiýeleýär.

Bulary hem okaň:

“Tennis” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Tennis” ýazga basyň!

Tennis

“Kuraş” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Kuraş” ýazga basyň!

Kuraş

“Jiu-jitsu” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Jiu-jitsu” ýazga basyň!

Jiu-jitsu

“Sombo” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Sambo” ýazga basyň!

Sambo

“Tans sportynyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Tans sport” ýazga basyň!

Tans sporty

“Bouling” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Bouling” ýazga basyň!

Bouling

“Bilýard” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Bilýard” ýazga basyň!

Bilýard

“Küşt” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Küşt” ýazga basyň!

Küşt

“Futzalyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Futzal” ýazga basyň!

Futzal

“Gimnastikanyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Gimnastika” ýazga basyň!

Gimnastika

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw meýilnamalarynyň sanawynda bar bolan sport görnüşleri barada gysgaça tanyşmak isleseňiz aşakdaky hata basyň!

Siz haýsy sporty söýýarsiňiz?