Mister Bin ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan wäşi artist Rowan Sebastian Atkinson 1955-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Angliýada dogulýar. Iňlis komediýa aktýory we ýazyjysy esasan hem BBC-de çykyş eden “Bean” we “Blackadder” komediýa seriallary bilen tanalýar. Rowan Atkinsonyň ejesi Ella Maý, kakasy Erik Atkinsondyr. Ol maşgalada üç doganyň iň kiçisi. Ýazyjy Riçard Kurtis bilen duşuşmagy karýerasyndaky möhüm tapgyr boldy. Ol Dosty Jon Lloýd tarapyndan öndürilen we 1978-nji ýylda Angliýanyň “ITV” ýaýlymyna başlap başlan “Not the Nine O’Clock News” serialynda baş keşbi janlandyrdy. Bu serial geljekki aktýora uly meşhurlyk getirdi. 2018-nji ýylda komediýa žanry esasynda döredilip, ýaýlyma berlen “Johnny English” filmi hem aktýora uly meşhurlyk getirdi.

Nirelerde sahna çykdy?

Mister Bin ilkinji gezek 1980-nji ýyllaryň başynda dünýäniň iň uly sungat festiwaly bolan Edinburg festiwalynda boldy. Soňra bolsa Rowan Atkinson Oksforddaky Şa aýal kollejinde (Queen’s College in Oxford) elektrik inženerçiligi boýunça magistr derejesini almak üçin okaýarka, Oksford sahanasynda çykyş etdi. 2012-nji ýylda London tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul edeninde, Mister Bin açylyş dabarasyna gatnaşdy. Atkinsonyň kino karýerasy ilkinji gezek 1983-nji ýylda Jeýms Bondyň filminde “Hiç wagt hiç haçan diýme” (Türkçe: Asla Asla Deme) (Iňlisçe: Never say never again) filminde başlandy.

Mister Bin adyny haçan aldy?

Rowan Sebastian Atkinson 1990-njy ýylda döreden “Mister Bin” atly köp bölümli filmde baş gahrymanyň ýagny Mister Biniň keşbini janlandyrdy. Şondan soňra bu aktýoryň ady Mister Bin bolup galdy.

2012-nji ýylda hormatly dynç alşa çykdy

2012-nji ýylyň noýabr aýynda “The Telegraph” gazetine beren interwýusynda Atkinson “Mister Biniň kino kariýerasynyň tamamlanandygyny” aýtdy. Emma muňa garamazdan ol “Mister Biniň” döredilenine 25 ýyl dolamagy mynasybetli 1 epizod döretmek üçin gaýtadan sahna dolanýar.

200-den gowrak döwletde tomaşa edildi

Mister Biniň döreden ekran eserleri gürlemeýänligine garamazdan, döredilen filmler, seriallar bütin dünýäde meşhur boldy. Ýagny, 200-den gowrak ýurtda ýaýlyma berildi.

Mister Biniň ulagy

Mister Biniň sitron-ýaşyl reňkde 1977-nji ýylda öndürilen “Leyland Mini 1000 Mark 4” gara kapotly ulagy bilen aglaba filmlerinde keşp janlandyrdy. Häzirki wagtda ulag muzeýde saklanylýar.

Teddy” atly aýysy satyldy

Onuň aglaba eserlerinde “Teddy” atly dostunyň bardygy hemmelere mälim bolsa gerek. Bu aýy ilki Teddy aýylarynyň saklanýan  Gyles Brandreth atly muzeýe tabşyrylýar. 2008-nji ýylda muzeý ýapylandygy sebäpli Mister Biniň bu aýysy auksion şekilde satyldy.

Baýraklary

1980 — BBC ýylyň şahsyýeti üçin “Variety Club” baýragy

1989 — BAFTA iň gowy güýmenje çykyşy,

2010 — Oliwer üçin “Whatsonstage” baýragy.

Kino bölümimizdäki aktýorlar, aktrisalar bilen tanyş bolaýyn diýseňiz aşakdaky hatlara basyň!

Ýaş Çopra – ussat režissýor

Baççan maşgalasy barada gyzykly maglumat

“Bolliwudyň Hany – Şahruh Khan”

Amir Khan – zehinli kino aktýory

Madrasyň Mosarty ýa-da Allahrakha Rahman hakda

Bolliwudyň Salman Khany

“Dünýä Gözeli” Aýşwarýa Raý Baççan

“Çukur”-yň Ýamaji ýa-da Aras Bulut İýnemli