Soňky 10 ýylda modellerini düýbünden täzelän «Peugeot» kompaniýasy täze önümleriniň üstüni ýetirmek üçin logotipini ýagny nyşanyny täzeden dizaýn etdi. Bu nyşan kompaniýanyň 11-nji logotipidir. «Peugeot» kompaniýasy 1850-nji ýyldan bäri 10 dürli nyşany ulandy. Indi döredilen gününden bäri döredilen 11 logotipde hem ýolbarsyň şekili nyşanda möhüm orny eýeledi .

Täze nyşan awtoulag ägirdi «Peugeot» kompaniýasynyň global dizaýn studiýasy bolan «Peugeot Design Lab» tarapyndan döredildi.

Dünýädäki iň gadymy awtoulag markalarynyň biri bolan «Peugeot», kompaniýanyň taryhynda täze sahypa açýar.