• Ýatkeşligiň peselmeginiň öňüni almak üçin günde azyndan bir goşgy ýat tutmak bilen meşgullanyň.
  • Ýüzügi barmakdan çykarmak kynçylygy dörän bolsa, onda uzynrak sapagy alyň we ony barmagyňyzyň daşyndan (ýüzüge çenli) oraň. Sapagyň bir ujuny injejik çöpjagazyň kömegi bilen ýüzügiň aşagyndan geçiriň. Sapagy ýüzükden geçirilen böleginden ýuwaşlyk bilen çekseňiz ýüzük sapagyň daşyndan aýlanyp, barmagyňyzdan çykar.
  • Mikrotolkunly pejiň iç ýüzüni arassalamak üçin onuň içine bir kiçiräk jama suw guýup salyň. Soňra gyzgynlyk derejesini gataldyň we 10 minut işlediň. Buguň kömegi bilen mikrotolkunly pejiň içinde ýelmeşip galan ýaglary aýyrmak aňsatlaşar.
  • Eger-de çorba duzy goşmaly möçberinden köpräk goşan bolsaňyz, onda oňa tüwi ýa-da ýer almasyny atyň we bişýänçä ýene-de biraz gaýnamaga goýuň.
[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]