Pir Pugta tamdyryň piri hasaplanýar. Ýasalanda pir Pugtanyň ady bilen başlansa, tamdyryň maşgala rysgal getirýändigini aýdýarlar. Ir zamanda bir adam şägirtleri bilen tamdyr gurjak bolanda bir şägirt:

— Bismilla, pir Pugta! — diýip başlapdyr. Tamdyr laýy gowşagrak gelse-de, bilekse gaçman durýar. Halypa endigi boýunça şägirtleriniň işiniň kem ýerini özlerine düzetdirýän eken. Emma ol bu gezek sesini çykarman, özi bileksäni rejeläp goýýar. Bu ýagdaýyň hikmetini soranlarynda ol:

— Bu şägirdim pir Pugtanyň adyny tutandan soň bilekse gaçman durdy. Bileksäni rejelemegiň sebäbi, pir Pugtanyň ady tutulan ýerde menem şägirt. Sebäbi pir Pugta çagyrylan ýerde her halypa özüniň oňa şägirtligini duýmalydyr — diýipdir.